Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystan täze Konstitusiýanyň üstünde işleýär


Gyrgyzystanda aprel aýynyň başlarynda prezident Kurmanbek Bakyýew ýurtdan kowlup, wagtlaýyn hökümetiň häkimiýet başyna gelenine ýaňy bir aýdan gowrak wagt boldy.


Täze ýolbaşçylar turuwbaşdan ýurda täze Baş kanunyň gerekdigini aýdyp, özleriniň parlamentar hökümet sistemasyny ileri tutýandyklaryny bildirdiler. Gyrgyzystanyň mundan öňki Konstitusiýalary bolsa, ýerine ýetiriji häkimiýetiň agalygyna esaslanýardy.

Wagtlaýyn hökümetiň işi şowuna bolup, parlamentar sistema geçilse, prezident ýokary wezipede oturan, ýöne güýçli ygtyýarlygy ýok şahsyýete öwrülýär. Bu hem ýeke Gyrgyzystanda däl, eýse tutuş Merkezi Aziýada-da bütinleý täze zat.

Häzir, ýurduň geljekki Baş kanunynyň sudury belli bolup gelýärkä, elbetde, başga pikirler-de orta atylýar.

Täze Baş kanunyň taslamasyny taýýarlaýan geňeşiň agzasy Daniýar Narymbaýew 16-njy maýda bu ugurda alnyp barylýan işleriň barha ilerleýänligini aýtdy: “Biz bu konstitusiýanyň üstünde geçen on günlükde gaty köp işledik. Onuň gyrgyzça we orsça nusgalaryny 16-njy maýda dilçilerimize berdik. 20-nji maýda hem proýektiň iň soňky warianty neşir ediler”.

Parlamentar sistema

Narymbaýew soň hem täze esasy kanunda parlamentar sistemadan ugur alnandygyny syzdyrdy: “Şeýlelikde täze ygtyýarlylyklara eýe täze parlamentimiz bolar. Hökümeti parlament düzer. Onsoň täze prezidentimiz bolar. Ol bir araçy roly ýerine ýetirer. Ol daşary syýasatda işjeň rol oýnar”.

Gyrgyzystanda parlamentar sistemanyň peýdalydygy bilen ylalaşýan adamlar az däl welin, ýöne: “Ýurt entek beýle sistemaly bolarlyk derejä ýetenok” diýýänler-de bar. Mysal üçin, wagtlaýyn hökümetiň agzasy, abraýly syýasatçy Azimbek Beknazarowyň garaýşyça, ýurt 1993-nji ýyldaky Baş kanuny gaýtadan dikeltmeli.

“Wagtlaýyn hökümet Gyrgyzystanyň 1993-nji ýylyň 5-nji maýyna degişli ilkinji Baş kanunyny ykrar edýänligi barada bir perman çykarmaly. Bu kanun iki ýyla çeken çekeleşikden soň kabul edilipdi. Şeýle edilse, bir kanuny esas bolýar. Onsoň kanunylyk barada munça gykylygam gerek bolmaz” diýip, Beknazarow aýdýar.

Bakyýewiň hökümetinde döwlet sekretary bolan Adahan Madumarow bolsa, parlament sistemasyna düýbünden garşy: “Özüňiz bir pikir edip görüň. Olar: ‘Ýurduň içeri hem daşary syýasatyny parlament kesgitlär, prezident oba aksakgaly ýaly, araçylyk eder’ diýýärler. Beýle bolsa, Garaşsyz döwletleriň arkalaşygyna girýän ýurtlaryň prezidentleri biziň döwlet baştutanymyz bilen bir stoluň başynda oturmazlar”.
XS
SM
MD
LG