Sepleriň elýeterliligi

JHP-däki jynsy gatnaşyk dawasy krizise ýazdy


Deniz Baýkal

Deniz Baýkal

Adaty ýagdaýda haýsy-da bolsa bir syýasy partiýanyň täzelenip, döwrebaplaşmagy jynsy gatnaşykda tutulmak ýa aýyplanmak bilen baglanyşykly zat däl. Ýöne Türkiýäniň esasy oppozision Jumhuriýet halk partiýasynyň başlygy Deniz Baýkalyň öz wezipesinden çekilmegi Türkiýede indi bu partiýa reformirlenip, täze döwre aýak basar diýen umydy oýardy.


Baýkalyň wezipe başyndan çekilmegine getiren zat – öten hepde internetde peýda bolan bir wideo. Ol wideoda onuň öz öňki sekretary bilen jynsy gatnaşykda bolan pursaty görünýär. 71 ýaşly Baýkal muny ret edip, bu işiň özüni we partiýany garalamak üçin gurnalan dildüwşükdigini aýdýar.

Häzirki ýagdaýdan çen tutsaň, Jumhuriýet halk partiýasynyň içindäki reformaçylaryň Baýkal bir çete çekilip, reformalara ýol açylar, partiýa şeýdip, täzelener diýen umydy ýol almajaga meňzeýär. Sebäbi Baýkalyň ýakyn ýaranlary onuň öňki wezipesine dolanyp gelmegi üçin elinde baryny edýärler.

Muny syýasy analizçi Soli Özel şeýle düşündirýär: “Şu wagt-ha ol reformaçy partiýa boljaga meňzänok. Baýkal gurultaý prosesine kontrollyk etjege çalymdaş. Dogrudanam, häzir Baýkalyň ornuny alyp biljek adam ýok. Bu hem onuň öz eden işi. Ol partiýany öz şahsy mülküne öwürdi. Gurultaýda saýlanýan adamlar onuň öz saýlap tutan adamlary. Partiýanyň içinde demokratiýa ýok”.

Pikirleniş ýoly we tutum

Stambulyň Bahçeşehir uniwersitetiniň professory Jengiz Aktaryň pikiriçe-de, partiýa formasyny üýtgetjek bolsa, ençeme ýyllap öz içinde rewolýusiýa geçirmeli.

“Ilki bilen pikirleniş ýoly we tutum üýtgemeli. Bu partiýa ýurtda saýlanmadyk resmiler bolan harbylara gaty ýakyn durýar. Şol sebäpden hem olar pikirleniş rewolýusiýasyny başdan geçirmeli. Tranformasiýa ençeme ýyla çeker diýýänimiň sebäbi şol” diýip, Aktar aýdýar.

Aktiwistler käbir düzgünleriň üýtgäp, partiýa ýolbaşçylarynyň agzalaryň öňünde köpräk jogapkärçilik çekmegini talap edýärler.

Jumhuriýet halk partiýasynyň içinde reformalaryň tarapyny çalýan aktiwist Bedri Baýkam häzirki ýagdaýy şeýle suratlandyrýär: “Häzirki ýagdaýda Jumhuriýet halk partiýasynyň içinde ähli zada serenjam berýän partiýa başlygy bilen onuň ýakyn ýaranlary. Kim parlamentiň agzasy bolmaly, kim şäher häkimi bolmaly, kesgitleýän şolar”.

Baýkam agzalaryň partiýany göz öňüne getirişi partiýa ýolbaşçylarynyňkydan tapawutly diýýär.

“Biz partiýanyň öz saýlawçylary, özüni goldaýanlar we graždan bileleşikler bilen birlikde pikirlenmegini, şolar bilen birlikde dem almagyny isleýäris” diýip, Baýkam belleýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG