Sepleriň elýeterliligi

Jelalabat şäherinde adatdan daşary ýagdaý yglan edildi


Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümeti Jelalabatda bolan çaknyşyklardan soň, şu gün şol ýerde adatdan daşary ýagdaý yglan etdi.

Etniki toparlaryň arasynda bolan wakada iki adam heläk bolup, 50-ä golaý adam ýaralandy.

Wagtlaýyn hökümet tarapyndan bu barada ýaýradylan beýanatda adatdan daşary yagdaýyň şu günden başlap iýun aýynyň 1-ne çenli öz güýjünde galjakdygy aýdylýar.

Bu höküm wagtlaýyn hökümetiň ýolbaşçysy Roza Otunbaýewa tarapyndan çykaryldy. Şol karara görä, Jelalabatda agşam sagat 8-den başlap irden 6-a çenli köçelere çykmak gadagan.

Mundan ozal etniki gyrgyzlaryň özbekler tarapyndan maliýeleşdirilýän uniwersitete girmäge synanyşanlygy sebäpli ýüze çykan dartgynlykda ok atyş hem bolupdy.

Otunbaýewa şu gün Bişkekde žurnalistlere beren interwýusynda ýagdaýyň gözegçilikde saklanýandygyny aýtdy.

Geçen hepde Jelalabatda öňki prezident Kurmanbek Bakyýew bilen wagtlaýyn hökümetiň tarapdarlarynyň arasynda-da çaknaşyk bolupdy.

Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümetiniň ýolbaşçysy Roza Otunbaýewa şu günki bolan waka barada ýaýradan beýanatynda bu bulagaýçylygyň aňyrsynda Bakyýewiň tarapdarlarynyň bardygyny öňe sürdi.
XS
SM
MD
LG