Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Taýlandda protestçiler basylyp ýatyryldy


Taýlandyň howpsuzlyk güýçleri hökümete garşy protest gurnaýan topary paýtagt Bankoguň merkezinden zor bilen çykardy.

Protestçiler aprel aýyndan bäri şäheriň merkezini öz gözegçiliklerinde saklaýardylar.

Emma bu wakadan soň şäheriň beýleki etraplarynda talaňçylylygyň bolanlygy we binalaryň ýakylanlygy habar berilýär.

Taýlandyň armiýasy “Gyzyl köýnekliler” diýlip atlandyrylýan şol toparyň ençeme lideriniň tussag edilenligini aýdyp, ýagdaýyň gözegçilik astyna alnanlygyny aýdýar. Şol wakalarda dört adam heläk boldy.

Şeýle-de protestçiler şäheriň merkezinde ýerleşýän ulakan dükany, telekanalyň we Taýlandyň biržasynyň binasyny otladylar.

Resmiler paýtagt Bankokda penşenbe gününe çenli komendant sagadyny yglan etdi.

Protestçiler Taylandyň hökümetiniň bikanundygyny aýdyp, onuň wezipesinden çekilmegini talap edýärdiler.
XS
SM
MD
LG