Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Belarusda oppozisiýa basyş edilmegini tankyt etdi


Ýewropa Parlamentiniň prezidenti Ýerzi Buzek şu gün ýaýradan beýanatynda Belarusda oppozision toparlara garşy alnyp barylýan basyşlardan özüniň gaty biynjalyk bolýandygyny aýtdy.

Belarusyň oppozision liderleriniň aýtmagyna görä, soňky döwürlerde özlerine garşy polisiýa güýçleri tarapyndan amala aşyrylan operasiýalarda onlarça aktiwist, şol sanda ýazyjy Uladimir Nekleýew tussag edildi.

Buzek tarapyndan ýaýradylan beýanatda, oppozision toparlara, şol sanda hökümete degişli bolmadyk toparalara garşy alnyp barylýan repressiýalaryň we basyşlaryň haýal etmän togtadylmagy talap edilýär.

Brýussel Belarusyň Ýewropa ýakynlaşmagyna ýol açmak üçin 2009-njy ýylda bu ýurduň ýokary derejeli liderleriniň ÝB-e agza ýurtlara sapar etmegini gadagan edýän kararyny ýatyrypdy.

Buzek bu kararyň şu ýylyň aýagynda ýene bir gezek gözden geçirilip bilinjekdigini duýdurdy.
XS
SM
MD
LG