Sepleriň elýeterliligi

Pakistanda Facebook saýty gadagan edilýär


Pakistanyň sudy, Muhammet pygamberiň karikaturasyny çekmäge öz ulanyjylaryny höweslendirýänligini aýdyp, Facebook saýtyny wagtlaýynça gadagan etmek barada höküm çykardy.

Facebook saýtynda Muhammet pygamberiň karikaturasynyň peýda bolmagy halkyň gahar gazabyna ýol açypdy. Bu barada Pakistanyň “Yslam Akalwçylar Guramasy” tarapyndan suda ýüz tutulypdy.

Sud bu talap bilen bagly çykaran höküminde bu internet sahypasynyň 31-nji maýa çenli gadagan edilmegini hökümetden talap edýär.

“Facebookdaky “Hemmeler Muhammet güni barada karikatura çeksin” diýlen çäre bu sahypanyň ulanyjylaryny Muhammet pygamberiň karikaturalaryny çekmäge höweslendirýär” diýlip, sudyň çykaran kararynda aýdylýar.
XS
SM
MD
LG