Sepleriň elýeterliligi

Soňky on günüň dowamynda «Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň 3G internetiniň tizligi juda ýaramazlaşdy. Ozal sekuntda 3MB bolan bu prowaýderiň internetiniň tizligi häzir 53KB-te çenli pese düşdi.


«Altyn asyryň» müşderileri özleriniň häzirki ulanyp ýören internetiniň 3G-digine hem müňkürlik edýärler. Sebäbi «Altyn asyryň» 3G sim-kartalary Hytaýyň «Huawei» firmasynyň önümi bolan internet konnekterleri arkaly kompýutere çatylanda olar ýaşyl yşykda işleýär. «Huawei» firmasynyň 3G konnektorlary uniwersal bolup, olar 3G ulgamynda işlänlerinde gök yşykda, 2G ulgamynda bolsa ýaşyl yşykda işleýärler.

Internetiň tizliginden närazy müşderiler «Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň düýbüne jaň edip, problemanyň sebäbini soranlarynda operatorlar olara dürli-dürli jogaplary berýärler.

Ilkinji günler operatorlar ulgamda tehniki näsazlygyň bardygyny düşündirip, internetiň birki günden ýene öňki tizlikde işlejekdigini aýdyp, müşderilerini köşeşdiren bolsalar, indi olar ýurduň welaýatlaryna 3G ulgamynyň çekilýändigi sebäpli, paýtagtda bu ulgamyň näsaz işleýändigini habar berýärler.

«Altyn asyryň» operatorlary internetiň tizliginiň şu hepdäniň ahyryna çenli doly gowulaşjakdygyny müşderilerine wada edýärler.

MTS-den "Altyn Asyra"

Şu ýylyň 1-nji martyndan diňe Aşgabadyň çäginde 3G hyzmatyny girizen «Altyn asyryň» internetiniň tizligi başda 3MB-di. Şonuň üçin hem paýtagtlylaryň köpüsi MTS-iň internet hyzmatyndan ýüz öwrüp, «Altyn asyryň» 3G internetine geçipdiler.

Häzirki wagtda «Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk ulgamyndan başga, «Türkmentelekom» hem-de Orsýediň MTS kompaniýasy özleriniň interneti bilen türkmenistanlylara hyzmat edýärler.

Eger-de MTS prowaýderiniň internet tizligi sekuntda 460 KB bolsa, onda «Türkmentelekomyň» internetiniň tizligi sekuntda 40 KB-e barabardyr.

Ýöne bu iki prowaýderiň hem internetiniň tizligi juda bir öwürlikli däl. «Türkmentelekomyň» internetinden gündizlerine peýdalanmak asla mümkin däl diýen ýaly. Gündizlerine bu prowaýderiň tizligi sekuntda 20 KB-den ýokary galmaýar. MTS-iň interneti hem gündizlerine müşderilerini kanagatlandyrmaýar.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG