Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Jalalabatda adatdan daşary ýagdaý yglan edildi


Gyrgyzystanyň geçiş häkimiýetleri etniki toparlar bilen polisiýanyň çaknyşygynda 2 adam ölüp, 50 adam ýaraly bolandan soň, günorta şäher Jalalabatda adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler.

Geçiş hökümetiniň beýanatynda bu çäreleriň şu günden 1-nji iýuna çenli dowam etjekdigi aýdylýar.

Geçiş hökümetiniň başlygy Roza Otunbaýewa tarapyndan gol çekilen buýruk sagat 20.00-dan sagat 06.00 çenli komandant sagadyny girizýär.
XS
SM
MD
LG