Sepleriň elýeterliligi

Ýewropa parlamenti Belarusda oppozisiýa basyşdan alada bildirýär


Ýewropa parlamentiniň prezidenti Jerzi Buzek Belarusda oppozisiýa garşy görülýän gazaply çärelerden özüniň gaty alada edýändigini aýtdy.

Oppozisiýa wekilleri onlarça aktiwistiň, şol sanda oppozisiýadaky ýazyjy Uladimir Neklaýaewiň ýurt boýunça geçirilýän polis reýdleri netijesinde tussag edilendigini aýdýarlar.

Buzegiň ýaýradan beýanatynda graždan jemgyýeti toparalarynyň garşysyna edilýän ähli basyşlaryň we gorkuzmalaryň hemmesiniň derhal togtadylmagyna çagyrylýar.

Ýewropa Bileleşigi 2009-njy ýylyň okýatbrynda Lukaşenkony bileleşige tarap imrindirmek üçin belarus resmilerine garşy girizilen wiza gadaganlygyny togtatdy.

Buzek bu karara şu ýylyň ahyrynda gaýtadan serediljegini ýaňzytdy.
XS
SM
MD
LG