Sepleriň elýeterliligi

Täjik sudu gadagan edilen yslam toparynyň agzalaryny basýar


Täjik sudy gadagan edilen yslam toparynyň onlarça agzasyny türmä basdy.

Assoşeýted press ýurduň günortasyndaky Hatlont şäheriniň sudýasy Ikrom Abdulhafizowa salgylanyp, Jamaat al Tablih toparynyň 32 agzasyna 3 ýyldan 7 ýyla çenli ýyl kesilendigini ýazýar.

Olaryň hemmesi 2009-njy ýylyň başyndan bäri tussaghanada saklanýan eken.

Täjigistan Jamaat al Tablih toparyny 2006-njy ýyldan bäri ekstermist topar hasaplaýar.
XS
SM
MD
LG