Sepleriň elýeterliligi

Medwedew: «Kawkazdaky korrupsiýa howpsuzlyga wehim salýar»


Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew Demirgazyk Kawkazda giň ýaýran korrupsiýanyň tutuş ýurduň howpsuzlygyna wehim salýandygyny aýdýar.

Medwedewiň graždan jemgyýeti toparlarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşygynda aýdan sözleri Kremliň internet saýtynda ýerleşdirildi.

Ol «Demirgazyk Kawkazdaky korrupsiýa ýetjek derejesine ýetdi we milli howsuzlyga wehim salýar, sebäbi ol separatistlere we ganhorlara gönümel ýardam berýär» diýdi.

Moskwa Demirgazyk Kawkazda, hususan-da Dagystan, Inguşystan we Çeçenystan respuplikalarynda yslam pitneçilerine garşy göreş alyp barýar.
XS
SM
MD
LG