Sepleriň elýeterliligi

Krakowa sil geldi, Polşada 6-njy adam öldi


Merkezi Krakowyň käbir bölekleri suw astynda galansoň, Polşada sil 6-njy adamyň başyna ýetdi hem golaýdaky Auşwis-Birkenaw ölüm lageri muzeýine howp saldy.

Krakowdaky Wistula dreýasy soňky 40 ýylda iň ýokary derejesine galdy, Polşanyň iň bir gowy saklanan taryhy merkezlerinden 500 çemesi adam başga ýere göçürildi.

Nasistleriň ozalky konsentrasiýa lagerleriniň baraklarynyň käbiriniň polunda suw göründi. Silesiýa sebitinde silde gark bolan 76 ýaşly erkegiň jesedi tapyldy.

Sil suwlary Çehiýa respublikasyna hem gelýär, ýöne demirgazyk Wengeriýada ýagdaý has agyrlygyna galýar.
XS
SM
MD
LG