Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň öňki perisi Nýu-Ýorkda aýyplanýar


Orsýetiň öňki perisi Nýu-Ýorkda agyry aýyrýan dermanlaryň reseptini galplaşlyrmakda aýyplanýar.

1998-nji ýylda Orsýetiň perisi bolan Anna Malowa bir gezek Dünýä gözeli ýaryşynda ýokarky onluga saýlanypdy. Ol şu hepde Nýu-Ýorkda tussag edildi.

Malowa çarşenbe güni goralýan zady bikanun almakda, galplaşdyrmada we ogurlanan zady jenaýatçylykly saklamakda aýyplandy.

Nýu-Ýork prokurorlary ony derman almak üçin doktoryň ofisinden ogurlanan blanka galp resept ýazmakda günäleýärler.

Aýdylmagyna görä, Malowa şeýle aýyplama bilen ýylyň başynda hem tussag edilipdir.
XS
SM
MD
LG