Sepleriň elýeterliligi

Günorta Koreýa gämisiniň batmagynda Demirgazyk Koreýany günäleýär


Günorta Koreýa harby deňiz gämileriniň biriniň deňize çümmegine Demirgazyk Koreýanyň suwasty gämisinden atylan torpedanyň sebäp bolandygy baradaky subutnamalaryň ýeterlikdigini aýdýar.

Mart aýynda suwa batan gämide 46 deňizçi heläk boldy.

Günorta Koreýa şu gün Sary deňizde wakanyň bolan ýerinden tapylan torpeda bölekleriniň Demirgazyk Koreýada ýasalan ýaraga degişlidigi barada hasabat ýaýratdy. Ol hasabatda «Çeonan» söweş gämisiniň çökmegine başga düşündirişiň ýokdugy aýdylýar.

Demirgazyk Koreýa bu gäminiň batmagyna özüniň jogapkärdigini ret edýär.
XS
SM
MD
LG