Sepleriň elýeterliligi

ÝHHG Gyrgyzystanda sabyr-kanagatlylyga çagyrýar


Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy, ýurduň günortasynda bolan we azyndan iki adamyň ölümine getiren çaknyşyklardan soň, Gyrgyzystandaky ähli taraplary zorlukdan gaça durmaga çagyrdy.

Gyrgyz hökümeti çarşenbe güni bolan zorlukdan soň Jalalabat şäherinde adatdan daşary ýagdaý yglan etdi we gijesine komendant sagadyny girizdi.

Häzir ÝHHG-nyň başlygy bolan Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň beýanatynda «etniki easasdaky konfliktler düýpden kabul ederliksizdir» diýilýär.
XS
SM
MD
LG