Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Zyndanda ýaşap, erkinligiň hözirini görüp bolmaz”


18-nji maýda Galkynyş, Agzybirlik we Magtymgylynyň şygyrýet güni bilen bagly prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň raýatlaryna ýüzlendi.


Hemişe edilişi ýaly, bu baýramçylygyň senariýalaryny hem kontrol propaganda edaralary gowy taýýarladylar. Ideologiki edaralar hatda, şeýle baýramlary hem öz maksatlary üçin mümkingadar ulanmaga çalyşýarlar.

Bu baýramçylyga ähli dabaralar, şol sanda konsertler, sergiler, hatda, ýaşaýyş jaýlarynyň tabşyrylyşy we pugta saýlanyp alnan bagty çüwenlere jaýyň açarynyň gowşurylyşy hem bagyşlandy.

Resmi propaganda eýýäm azatlyk we demokratiýa diýen sözleri giňden ulanyp başlady. Adam döwlet we jemgyýet üçin gymmatly hazyna, ýurduň Baş kanuny ajaýyp durmuş, erkin döredijilik, okamak we medeniýetli dynç almak üçin ähli mümkinçiligi berýär diýip, prezident Berdimuhamedow köp gaýtalaýar.

Bulardan çen tutsaň, onda bu gün türkmen halkynyň, beýik Pyragynyň öz şygyrlarynda waspyny ýetiren erkinliginiň, azatlygynyň, beýleki gymmatlyklarynyň hözürini görmegi üçin häkimiýetler ähli zerur kararlary kabul edene meňzeýär. Emma durmuşda welin, bu gymmatlyklar entek diňe wadalar, şygarlar bolup galýar.

Iň bolmanda, erkin we döredijilikli durmuş üçin iň möhüm daýançlaryň biri bolan adamlaryň erkin hereket etmegini alyp göreliň. Eýse, şu gün türkmenler şeýle azatlygyň hözürini ine-gana görüp bilýärlermi?

Hemmä belli sowetleriň propiska, ýagny ýaşaýan ýeriňe ýazgy düzgüni daýhanlaryň öz mülklerine ýazylmalydygy baradaky köne düzgünlerden gelip çykýar. Eýse, şu gün Türkmenistanyň graždanlary öz ýaşaýan ýerlerini arkaýyn üýtgedip bilýärlermi? Türkmenistan henizem dünýäniň iň ýapyk ýurtlarynyň sanawynda galýarka, eýse haýsy azatlyk barada gürrüň etmek mümkin?

Ýaramaz sanawlarda

Ähli ýaramaz sanawlarda Türkmenistanyň ady döwlet hökmünde dünýäniň iň ýapyk, ýakasy gaýyşly ýurdy Demirgazyk Koreýa bilen mydama ýanaşyk. Türkmenistanyň içinde hereket etmek we daşary ýurtlara çykmak düzgünlerine yörite gulluklar berk gözegçilik edýärler.

Prezident Berdimuhamedow Magtymgulynyň şygyrlaryny ýurduň Baş kanuny bilen baglanyşdyrýar. Prezidentiň pikiriçe, olaryň ikisi-de iki prinsipi – bagtyýar durmuşy we abadançylygyň berkararlygyny öňe sürýärler.

Eger şeýle bolýan bolsa, onda baýramçylykda halka diňe konsertleridir sergileri däl-de, yurtdan erkin çykmagy we ýurda erkin girmegi hem sowgat etseler, onda bu has manylyrak bolardy.

Prezident Berdimuhamedow Magtymgulynyň şygyrlaryny watançylyk we azatlyk baradaky gimn hasaplaýar. Ýöne beýik Pyragy “Zyndanda ýaşap, erkinligiň hözirini görüp bolmaz, ony diňe arzuw edip, ahyny çekip bolar…” diýmänmidi?

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG