Sepleriň elýeterliligi

XIX asyryň ikinji ýarymynda Ýewropa döwletlerinde syýasy partiýalaryň erkin hereket etmegine rugsat berilmegi syýasy we ykdysady reformalaryň ýaýbaňlanmagyna doly ýol açýar. Monarhiýa dolandyrşyndan çekilip başlan döwletleriň köpüsi kabul eden täze konstitusiýalarynda syýasy partiýalara hem orun berip ugraýar.


ХХ asyrda bolup geçen birinji we ikinji Jahan urşlaryndan soň, syýasy partiýalaryň roly diňe Ýewropada däl, eýse Aziýa we Afrika döwletlerinde-de güýjäp başlaýar. Syýasy partiýalaryň hereket ediş düzgünleri aýratyn kadalaşdyryjy kanunlaryň kabul edilmegi bilen amala aşyrlýar. Bu ýagdaý esasan hem kolonial sütemden azat bolan yurtlarda has aýdyň görünýär.

Häzirki günde daşary ýurtlarda syýasy partiýalary kadalaşdyrýan kanunlaryň dürli görnüşleri hereket edýär.

1990-njy ýyllaryň başynda kommunistik ideologiýadan el çeken Bolgariýa döwletinde syýasy partiýalara erkin işlemäge ýol berilýär. Ýurtda hereket edýän «Syýasy partiýalar» baradaky kanunda syýasy guramany açmak we ony resmileşdirmek üçin azyndan 50 sany agzasy bolmaly. Kanunda syýasy partiýalaryň bölümlerini döwlet edaralarynda açmak hem-de ony ýöretmek gadagan edilýär. Syýasy partiýalar agzalaryň ýygymyndan we dürli guramalardan berilýän haýyr-sahawatdan gelýän kömegiň üsti bilen maliýeleşdirilýär.

Ýemen arap döwletiniň «Syýasy partiýalar» baradaky kanunynda syýasy partiýany resmileşdirmek üçin guramanyň 2500 agzasy bolmaly. Partiýalar tire-taýpadan durmaz ýaly onuň düzüminde hökman ýurduň dürli künjeklerinden agzasy bolmaly diýlip, şol kanunda görkezilýär. Syýasy partiýalara daşary ýurtlardan pul kömegini almak gadagan edilýär. Saýlawlarda parlamente geçen partiýalara döwlet tarapyndan 25 %, iň köp ses alan partiýa bolsa 75 % pul kömegi berilýär. Ýemende syýasy partiýalar hakyndaky kanunyň işläp başlamagy ýurtda 46 sany partiýanyň döremegine getirdi. Olaryň 21 sanysy parlament saýlawlaryna gatnaşdylar.

Gyrgyzystan Respublikasynyň «Syýasy partiýalar» hakyndaky kanunynda partiýalary açmak we ony resmileşdirmek üçin täze partiýanyň azyndan 10 agzasy bolmaly. Syýasy partiýalar diňe saýlawlar geçýän döwri maliýeleşdirilýär.

Gazagystanyň «Syýasy partiýalar» baradaky kanuny 2002-nji ýylyň 15-nji iýulynda kabul edilýär. Bu kanunyň goňşy Gyrgyzystandakydan tapawudy köp. Gazagystanda syýasy partiýalary açmak üçin onuň 1000 agzasy bolmaly. Partiýalary resmileşdirmek üçin bolsa öňki hereket eden kanunda 50 müň bolan bolsa, täze girizilen düzedişde onuň sany 40 müňe çenli azaldyldy. Bu sanam Gazagystanyň ilaty üçin gaty köp. Kanunda syýasy partiýalaryň alyp barjak işleri bilen çapraz gelýän ýene käbir maddalar bar. Mysal üçin, 1-nji maddanyň ikinji setirinde «Syýasy partiýalar halkyň adyndan çykyş edip bilmez» diýlip görkezilipdir. Emma syýasy partiýalaryň özeni halkyň aktiw topary bolup, onuň adyndan çykyş etmekdir. Bu ýagdaý hemme islendik döwletde hereket edýän syýasy partiýalaryň esasy funksiýasy bolup durýar. Kanunyň 4-nji maddasynda hem ýetmezçilikler bar. Onuň ikinji setirinde şeýle diýilýär: «Döwlet partiýalaryň işine, partiýalar döwletiň işine goşulyp bilmeýär». Dogry, döwlet partiýalaryň işine goşulyp bilmez, ýöne syýasy partiýalar döwletiň işine goşulyp bilmeli. Sebäbi syýasy partiýalaryň döremegi we olaryň alyp barmaly işleri döwletiň işine baha bermek, eger döwlet, häkimiýet ýalňyş hereket etse, muny häkimiýetiň özüne hem halk köpçüligine ýetirmek bolup durýar.

Beýik Britaniýada syýasy partiýalar resmileşdirilmeýär. Bu ýurtda syýasy partiýalary kadalaşdyrýan kanun hem hereket etmeýär. Ýurduň esasy kanunynda adam hukulary we olaryň erkinligi hakynda aýdylan düşünje syýasy partiýalary döretmäge-de hukuk berýär. Britaniýada syýasy partiýalar ýurtda geçýän saýlawlara gatnaşanlarynda, partiýanyň iki sany wezipeli agzasy saýlaw komissiýasyna gаtnaşjakdyklary barada arza berýär. Şol arzanyň ýany bilenem syýasy partiýa öz düzgünnamasyny we programmasyny hem tabşyrýar. Mundan başga resmileşdirme işine 150 funt goşmaça töleg töleýär. Partiýalara 200 funtdan ýokary sowgat ýa-da pul görnüşinde kömek berilse, onda olar ony hökman hasaba alyp, resmileşdirmelidirler. Eger-de pul kömeginiň kimden geleni belli bolmasa, onda ony almakdan saklanmalydyrlar. Syýasy partiýalar 500 funtdan gowrak pul kömegini alsa, onda ony her üç aýdan saýlaw komissiýasyna hasabat görnüşinde maglumat bermeli. Saýlawa gatnaşylýan döwri syýasy partiýalar 500 funtdan köp pul kömegini alsa, onda ony her hepde saýlaw komissiýasyna hasabat görnüşinde habar etmelidirler. Saýlaw komissiýasy ol hasabaty dört ýyllap saklamaga borçly. Umuman aýdanyňda, Beýik Britaniýada oppozision syýasy partiýalara döwlet tarapyndan pul kömegini bermek indi däbe öwrülip gidipdir.

Germaniýa döwletinde hem syýasy partiýalar ýörite resmileşdirilmeýär. Olar Beýik Britaniýadaky ýaly, diňe saýlawlar geçýän döwri saýlaw komissiýasy tarapyndan resmileşdirilýär. Onuň üçin syýasy partiýanyň üç sany agzasynyň goly goýlan ady bilen bilelikde, partiýanyň düzgünnamasy we programmasy saýlaw komissiýasyna tabşyrylýar. Saýlaw komissiýasy ýurtda demokratiýa sistemasyny ýatyrmak isleýän partiýalary gadagan edýär. Şol sebäpli Germaniýada saýlaw komissiýasy 1952-nji ýylda «Sosialistik» we 1956-njy ýylda «Kommunistik» partiýalary resmileşdirmekden saklandy.

Gürjüstanda syýasy partiýalar hakynda döwletiň Konstitusiýasynyň 26-njy maddasynda aýdylyp geçilýär. Şol maddanyň ikinji setirinde «Gruziýanyň raýatlarynyň syýasy bileleşikleri we partiýalary döretmäge hukuklary bardyr» diýilýär. Bu hem döwletiň her bir raýatyna syýasy partiýa döretmäge ýol açýar. Häzirki gün Gruziýa döwletinde 190 sany syýasy partiýa resmileşdirildi. Syýasy sahnada bolsa olaryň dokuz sanysy aktiw hereket edýär. Olar şu tertipde görkezilýär:

· Gruziýanyň Konserwatiw partiýasy
· Senagat Gruziýany halas eder
· Gruziýanyň Leýboristler (işçiler) partiýasy
· Täze sagçylar
· Respublikan partiýa
· Bütewi milli hereket (lideri prezident M.Ssakaşwili)
· Bütewi Gruziýanyň – Demokratik hereketi
· «Azatlyk» syýasy hereketi
· «Gruziýanyň ýoly» partiýasy


Indoneziýa Respublikasynda syýasy partiýalary döretmek üçin azyndan 50 sany 21 ýaşa ýeten raýatlaryň gatnaşmagy gerek. Bu ýurtda kommunistik ideologiýany propaganda edýän partiýalary resmileşdirmek gadagan edilýär.

Kamboja döwletinde syýasy partiýalary döretmek üçin 80 sany raýatyň gol goýan arzalary ýurduň Içeri işler ministrligine tabşyrylýar. Partiýany resmileşdirmek üçin bolsa, 4000 sany agzasynyň bolmagy talap edilýär. Diňe şondan soň partiýalar ýurtda geçirilýän saýlawlara gatnaşyp bilýärler.

Owganystanda «Syýasy partiýalar» barada ýörite kanun hereket edýär. Şol kanun esasynda ýurtda syýasy partiýalary açmak üçin guramanyň azyndan 700 sany agzasy bolmaly. Diňe şondan soň ýurduň Hukuk ministrligi syýasy partiýalary görkezilen tertipde resmileşdirýär.

Russiýa Federasiýasynda 2001-nji ýylyň 11-nji iýulynda kabul edilip, soňra birnäçe gezek girizilen düzedişler bilen hereket edýän «Syýasy partiýalar» hakyndaky kanunda ýurtda syýasy partiýalary açmak üçin guramanyň azyndan 45000 müň agzasy bolmaly diýilýär. Beýle ýagdaý soňky 10 ýylyň içinde ýurtda hereket edýän partiýalaryň azalmagyna getirdi we täze syýasy partiýalaryň açylmagyna päsgel berdi. Bu hem Wladimir Putiniň awtoritar häkimlige bilen düşündirilýär.

Singapur döwletinde syýasy partiýalary döretmek üçin azyndan 21 ýaşa ýeten raýatlaryň 10 sanysynyň bolmagy talap edilýär. Bu ýurtda syýasy partiýalary adaty kärhanalaryň açylyşy ýaly, internetiň üsti bilen hem resmileşdirip bolýar.

Görşümiz ýaly, syýasy partiýalaryň döremegi her döwletde dürli ýollar we düzgünler bilen kadalaşdyrylýar. Demokratiýanyň prinsiplerinden ugur alsak, jemgyýetçilik durmuşynda syýasy partiýalaryň bolmagy hökmanydyr. Syýasy partiýalara ýol berilmeýän ýurda demokratik döwlet diýilmeýär.

Şu günler dünýä ýüzünde syýasy partiýalaryň hereket ediş tertibini, dört topara bölüp bolar:


Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG