Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak-gyrgyz serhedi gaýtadan açyldy


Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň habarçysy şu gün Gyrgyzystanyň Jalalabat şäherinde müňlerçe adamynyň ýygnanyp, demonstrasiýa geçirenligini habar berdi. Rysbaý Abdriamow: “Çak edilişine görä, bäş müň töweregi adamyň gatnaşmagynda geçen bu protest düýnki protestleriň dowamy” diýen maglumaty berýär.

Казак-кыргыз чек арасы ачылды
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:17 0:00


Düýn bolşy ýaly, bu günki demonstrasiýada hem adamlar bu ýerde ýaşaýan özbekleriň ýolbaşçylarynyň biri bolan Kadyrjan Batyrowyň tutulmagyny talap edipdirler. Olar Batyrowy regionda etniki toparlaryň arasyna agzalalyk salanlykda aýyplaýarlar.

“Düýn bolşy ýaly, protestçiler bu gün hem Kadyrjan Batyrowyň tutulmagyny talap etdiler. Olar şeýle hem häkimiýetlerden soňky günlerde şäherde ýüz beren gazaply hereketlerde ulanylan ýaraglaryň tapylmagyny, 14-nji maýda we düýn 19-njy maýda protestçilere ot açanlaryň kimlerdiginiň anyklanmagyny talap etdiler. Bilşiňiz ýaly, bu ýerde iki adam atylyp öldürildi” diýip, Abdraimow habar berdi.

Abdraimowyň sözlerine görä, protestçiler özleriniň häkimiýet başyndan kowlan prezident Kurmanbek Bakyýewiň tarapdary däldiklerini aýdýarlar.

Wagtlaýyn hökümetiň başlygynyň orunbasary Ömürbek Tekebaýew şu gün habarçylara düýn 19-njy maýda çykarylan bir perman boýunça Roza Otunbaýewanyň 2011-njy ýylyň 31-njy dekabryna çenli wagtlaýyn prezident bellenendigini aýtdy.

Tekebaýew: “Şu ýylyň oktýabr aýynda göz öňünde tutulan prezident saýlawlary planlaşdyrylandan bir ýyl soň geçer” diýdi. “Prezidentlik saýlawlary wagtlaýyn prezidentiň möhleti soňlanmazdan iki aý öň geçer” diýip Tekebaýew belledi.

Serhet açyk

Bu aralykda Gazagystan Gyrgyzystan bilen aradaky üç sany möhüm serhet geçelgesiniň üçüsiniň-de açylandygyny şu gün habar berdi. Gazak häkimiýetleri bu geçelgeleri Gyrgyzystanda aprel aýynda bolan wakalar sebäpli ýapypdylar.

Bişkekdäki waglaýyn resmiler serhetiň ýapylmagynyň ýurduň ozal hem ysgynsyz ykdysadyýetine agyr zarba bolup degenligini aýdýarlar. Sebäbi beýleki goňşy Özbegistanyň hem ähli serhet geçelgelerini ýapmagy munuň üstüne urna bolupdy.

Gazagystanda Gyrgyzystan bilen aradaky serhetiň Gyrgyzystandaky kynçylykly sosial-ykdysady ýagdaýyň göz öňünde tutulyp açylandygy aýdylýar.

Häzir Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasyna ýolbaşçylyk edýän Gazagystanyň daşary işler ministri Kanat Saudabaýew bir beýanatda öz ýurdunyň krizis başlaly bäri ony çözmek üçin Gyrgyzystana kömek edip gelýänligini aýtdy.

Ol şeýle hem Jelalabatda bolýan tragiki wakalaryň özüni gaty aladalandyrýanlygyny bildirdi.
XS
SM
MD
LG