Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“ABŞ Merkezi Aziýa syýasatyny güýçlendirmeli”




Günorta Gyrgyzystandaky çaknyşyklarda iki adam heläk bolandan soň ol ýerde iki hepdelik adatdan daşary ýagdaý yglan edildi.

Halkara Krizis Toparynyň (ICG) Merkezi Aziýa boýunça direktory Paul Kuin Jadj ABŞ-nyň Wekiller Öýüniň Daşary gatnaşyklar boýunça komitetiniň öňünde çykyş edip, şeýle ýagdaýyň teoretiki taýdan regionyň ençeme ýurtlarynda ýüze çykyp biljekdigini duýdurdy.

“Bişkekde bolup geçen wakalaryň hiçisi diňe bir Gyrgyzystana mahsus zat däl” diýip, Bişkekde iş alyp barýan Kuin Jadj öz çykyşynda aýtdy.

Gyrgyzystandaky wakalara we Merkezi Aziýadaky durnuksyzlyk we ekstremizm meselelerine bagyşlanyp geçirilen maslahat Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy tarapyndan gurnaldy we ony radiostansiýalaryň prezidenti Jeff Gedmin alyp bardy.

Maslahatda Jorj Meýson uniwersitetinden Erik MakGliçeý, Jorj Waşington uniwersitetiniň Içerki howpsuzlyk syýasaty boýunça institutyndan Daniýel Kimmidž dagy hem çykyş etdi.

“Regiondaky ýurtlaryň häkimiýetlerinde we syýasy sistemalarynda agalyk, garyndaşparazlyk we korrupsiýa höküm sürýär. Aşakky gatlaklarda bolsa gowşak graždan jemgyýetleri we ekstremizm bar. Olara nähili çemeleşmeli?” diýip, Gedmin sorady.

“Bir zady belläp geçmeli: hemme zadyň öz adyny tutmaly” diýip Kimmidž aýtdy. ”Size kömek edýändikleri üçin diktatorlary demokrat diýip atlandyrmaň. ABŞ Merkezi Aziýadaky awtoritar režimlere goldaw bermezden öň has seresap hereket etmeli. Sebäbi olaryň nähili durnuksyzdygyny bize taryh görkezdi.”

Şuňa meňzeş beýanat bilen çykyş eden Kuin Jadj “Bakyýewiň ýolbaşçylygyndaky Gyrgyzystandaky we Karimowyň ýolbaşçylygyndaky Özbegistandaky ýaly režimler bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek ABŞ-nyň esasy prinsiplerine kölege salýar” diýdi.

On ýyl bäri Merkezi Aziýa boýunça ylmy işlerini alyp barýan we häzirki wagtda Yslam dini barada kitap ýazýan MakGlinçeý “Günbatar tarapyndan edilýän kömegiň özi problemanyň bir bölegi” diýdi.

“ABŞ Gyrgyzystana berýän ähli kömegini bes etmeli, bu peýda berenok, gaýtam diňe awtoritarlary häkimiýet başyna getirýär” diýip, MakGlinçeý aýtdy.

Maslahatda çykyş edenler regiondaky yslam ekstremizmi meselesine hem degip geçdiler.

Halkara Krizis Toparynyň Merkezi Aziýa boýunça direktory Paul Kuin Jadjyň aýtmagyna görä, Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýada bar bolmagy gowy alamat bolup durýar.

XS
SM
MD
LG