Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Aňtaw gullugynyň başlygy işden çekilýär


Birleşen Ştatlaryň Aňtaw gullugynyň başlygy işden çekilýädigini yglan etdi.

Milli Aňtaw gullugynyň direktory Denis Blaýriň beýanatynda işden çekilmek barada prezident Barak Obama arza berendigi aýdylýar. Ol indiki hepde, 28-nji maýda işden çekiler.

Blaýr birden işden çekilmeginiň sebäpleri barada anyk bir zat aýtmady. Onuň beýanaty penşenbe güni Ak Tamda prezident Obama bilen duşuşandan soň çap edildi.

Aňtaw gullugy geçen dekabrda amerikan uçaryny partlatmak we 1-nji maýda Nýu-Ýorkuň Taým skwerinde bolan ulag partlatma synanyşyklaryndan soň berk derňew bilen ýüzbe-ýüz boldy.

Blaýriň wezipesi Birleşen Ştatlaryň 16 aňtaw agentliginiň işini ugrukdyrmakdan ybarat.
XS
SM
MD
LG