Sepleriň elýeterliligi

logo-print

NATO we Orsýet raketa goragy barada gepleşiklere başlaýar


NATO-nyň başlygy ýaranlygyň Orsýet bilen Ýewropada raketa garşy gorag sistemasyny gurmak mümkinçiligi barada gepleşiklere başlandygyny aýdýar.

Anders Fog Rasmussen Sofiýada bu baradaky ilkinji maslahatyň NATO-Orsýet geňeşinde çarşenbe güni bolandygyny aýtdy.

Şeýle-de ol iki tarapyň bu barada şu wagtdan NATO-nyň noýabrda Lissabonda geçjek sammitine çenli maslahat etjegini aýtdy.

Sammitde NATO agzalarynyň ýaranlygyň 28 agzasynyň hemmesini Eýran ýaly döwletleriň raketalaryndan gorajak sistemany gurmak kararyna gelmegine garaşylýar.
XS
SM
MD
LG