Sepleriň elýeterliligi

Günorta Gyrgyzystanda müňlerçe adam proteste çykdy


Günorta Gyrgyzystanda çarşenbe güni bolan etniki tolgunyşykdan soň müňlerçe adam proteste çykdy.

Azatlygyň habarçysy 5 müň çemesi adamyň Jalalabatdaky aýlaw meýdançasyna ýygnanandygyny we özleri bilen gürleşmäge baran regional gubernatoryny ýenjendiklerini aýtdy.

Gubernatoryň ýanynda ýurduň iş başyndaky goranmak ministri hem bar eken.

Bu ýygnanyşyk şondan başga hadysa bolman sowuldy.
XS
SM
MD
LG