Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Muzeýden 500 million ýewroluk kartinalar ogurlandy


Polisiýa Pariždäki Häzirki zaman sungaty muzeýinden ýarym milliard ýewro durýan 5 kartinanyň ogurlanandygyny aýdýar.

Ogurlanan işleriň arasynda Pablo Pikassonyň we Henri Matissiň meşhur kartinlary hem bar.

Derňewçiler gözegçi kamerasynyň widoýazgysynda muzeýe äpişgäniň aýnasyny döwüp giren we suratlary oguralan maskaly adamyň keşbiniň bardygyny aýdýarlar.

Ogurlanan suratlaryň umumy bahasy 500 million ewro ýa-da 635 million dollar hasaplanýar.
XS
SM
MD
LG