Sepleriň elýeterliligi

Amyderýa Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda serhet liniýasy diýlip hasaplanýar. Her ýyl tomus aýlarynda suwuň joşmagy zerarly derýanyň demirgazyk Owganystana süýşmegi regionyň belli bir böleginiň derýanyň beýleki, ýagny Türkmenistan tarapyna geçmegine sebäp bolýar.


Demirgazyk Owganystanda ýaşaýan ilatyň aýtmagyna görä, Amyderýa geçen 30 ýylyň dowamynda azyndan 25 kilometr günorta süýşüpdir, bu Owganystanyň ep-esli böleginiň Türkmenistana geçenligini aňladýar.

Amyderýanyň iki tarapynda ýerleşýän obalaryň ýaşaýjylarynyň ählisi türkmen, netijede bu mesele boýunça olar özara düşünişip bilaýjek ýaly, ýöne bu soragyň emmasy bar.

“Ol, ýanyna iki bölek çörek alyp, gaýrak geçdi. Yzyna-da onuň jesedini getirdiler” diýip, adamsy heläk bolan Beg atly zenan aýtdy.

Beg, elbetde, öz adamsy Abdyl Jepbar barada gürrüň edýär. Bu zenanyň iki çagasy bar. Abdyl Jepbar Ýaz-aryk obasynyň ýeri Amyderýanyň beýleki kenarynda galan ýaşaýjylaryndan biri. Käri boýunça çopan, 31 ýaşyndaky Jepbar mallaryny agaçdan ýasalan gämä mündürip, derýanyň beýleki tarapyna otlatmaga äkidipdir.

Haçanda Türkmenistanyň serhet sakçylary onyň jesedini owganlylara tabşyranda, Jepbaryň hakykatdanam agyr günleri başdan geçirenligine göz ýetirmek kyn däldi. Obanyň notariusy Nur Muhammet Abdyl Jepbaryň jesedini görenlerden biri bolup, ol Azatlyk Radiosyna bu barada şeýle maglumat berýär: “Gasygyndan kekirdegine çenli dilip, soňra tikipdirler. Şol jesedi lukmanlara görkezenimizde, olar barlamagyň peýdasynyň ýokdugyny aýdyp, jesediň içindäki organlarynyň baryysynyň çykarylyp alnanlygyny aýtdylar. Oňa okam degipdir, okuň degen ýerini hemem çykan ýerini-de tikipdirler”.

Türkmenistanyň jogaby

Türkmen resmileri jeset barada obanyň ýaşaýjylaryna beren gysgaça maglumatlarynda Jepbaryň serhet sakçylary tarapyndan ýenjilenden soň, ony bejertmek üçin keselhana äkidilendigini we Jepbaryň şol ýerde, adaty barlagdan geçirilenligini aýtdylar.

Jepbaryň organlarynyň çykarylyp alynmagy Ýaz-arygyň ýaşaýjylaryny serpmeden gaýdan ýaly etdi. Obanyň ýaşaýjylaryndan käbirleri onuň organlarynyň çykarylyp alnyp galanlygyny we beýlekileri bolsa, şol organlaryň ogurlanyp bikanun organ söwdasyny edýän adamlara satylanlygyny öňe sürýärler. Ýöne bu meseläniň anygyna ýetmek hiç haçanam mümkin bolmasa gerek?

Esasy mesele, şeýle wakada heläk bolan adamlaryň diňe Jepbar däldigidir. Sebäbi şu ýylyň başyndan bäri Jepbardan başga-da üç adam öldürilip, olaryň jesetleriniň derýa zyňylanlygy aýdylýar.

Olaryň heläk bolanlygy jesetleriniň akyp, derýanyň beýleki tarapyna, ýagny Owganystan tarapynda geçenden soň bilnipdir. Mundan 10 aý ozal bir çopan derýanyň türkmen tarapyna geçende, öz gonşusynyň jesedini görüpdir. Onuň aýtmagyna görä, şol jeset tanar ýaly däl ekeni, sebäbi ol üstüne nebit dökülip, otlanypdyr.

Gürrüňi edilýän wakalar diňe soňky döwürlerde bolan heläkçiliklerdir. Şol adamlaryň ölümine kim sebäp bolýar diýlen soraga-da, elbetde, takyk jogap tapmak kyn. Emma şol derýanyň beýleki tarapyna geçip, sag-aman yzyna dolanan adamlaryň gürrüň bermegine görä, olar Türkmenistanyň serhedini goraýjy güýçler tarapyndan yzarlanýarlar.

Olar türkmen esgerleriniň, derýa hanasyny üýtgedensoň, özlerine geçen ýerleriň mundan beýläk Türkmenistana degişlidigini aýdýanlygyny gürrüň berýärler.

Obanyň derýanyň beýleki tarapyna geçen ýaşaýjylary käbir halatlarda özleriniň mal-garasyndan bir sanysyny jerime hökmünde türkmen esgerlerine berensoň, özlerine yzyna gaýtmaga rugsat edilýänligini aýdýarlar. Käbir halatlarda bolsa esgerler olary ýenjip yzyna iberýärler.

Gatnaşyklar giňeýär

Emma Owganystanyň Jowuzjan welaýatyna degişli Ýaz-aryk obasynyň ýaşayjylarynyň başdan geçirýän bu wakalaryny nazara almasaň, Owganystan bilen Türkmenistanyň hökümet ýolbaşçylarynyň gatnaşygy golaý. Bu iki ýurduň oňyn gatnaşygyna goşant goşýan faktlar barada gürrüň edilende, Türkmenistanyň Owganystanyň Hazara tokaý obasynda gurup beren mekdebi hakda hem gürrüň edip bolar.

Mekdepde Owganystanyň prezidenti bilen bilelikde Türkmenistanyň prezidentiniň hem suraty asylgy dur. Şeýle-de Aşgabat Owganystanyň Farýab welaýatynda ýerleşýän Garamköl etrabynda geçen ýyl bir poliklinikany gurup berdi.

Iki döwletiň özara gatnaşygy hem gowy, Türkmenistan Pakistana we, galyberse-de, Hindistana gaz akdyrmagy planlaşdyrýan turbasyny hem Owganystanyň territoriýasyndan geçirmegi planlaşdyrýar.

Emma döwlet derejesindäki oňyn gatnaşyklaryň Ýaz-aryk obasynyň ýaşaýjylarynyň durmuşyna o diýen pozitiw täsirini ýetirip baranok. Olar bu iki ýurduň serhet liniýalarynyň kesgitlenmegine we suw alan ýerleriniň bolsa yzyna gaýdyp berilmegine garaşýarlar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG