Sepleriň elýeterliligi

Türkmen senzurasynyň başlygy täzelendi


Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Metbugatda we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde döwlet syrlaryny goramak baradaky komitetiň täze bellenen başlygy Ýazmuhammet Ýazlyýew

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Metbugatda we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde döwlet syrlaryny goramak baradaky komitetiň täze bellenen başlygy Ýazmuhammet Ýazlyýew

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 21-nji maýda Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi.


Bu mejlisde ýurduň baştutany Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Metbugatda we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde döwlet syrlaryny goramak baradaky komitetiň başlygy Kakabaý Ataýewi, pensiýa gitmegi sebäpli, wezipesinden boşatdy hem-de onuň ýerine şol komitetiň başlygynyň orunbasary Ýazmuhammet Ýazlyýewi belledi.

Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Berdimuhamedow ýurduň ýokary okuw mekdeplerini tamamlaýan uçurymlara diňe ýokary bilim baradaky diplom gowşurylyp, olara döşe dakylýan ýörite nyşanyň berilmeýändigini aýtdy.

Şu sebäpden prezident ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň her biri öz uçurymlaryna gowşuryljak döşe dakylýan ýörite nyşanyň nusgasyny ýakyn wagtda taýýarlamagy Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Saparlyýewe görkezme berdi.

Berdimuhamedow şu ýyl ýurduň ýokary okuw mekdeplerini tamamlaýan uçurymlara diplomlar bilen bilelikde ýokary bilim baradaky döşe dakylýan ýörite nyşany gowşurmagy tabşyrdy.

Şeýle nyşanlary ýokary okuw mekdeplerini öňki ýyllarda tamamlan ähli uçurymlara-da bermelidigini aýdan Berdimuhamedow uçurymlaryň bu nyşanlaryny ýurtda geçirilýän dabaraly çärelere gatnaşanlarynda dakynmalydygyny mälim etdi.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG