Sepleriň elýeterliligi

Senzuraçynyň hökmürowanlygynyň soňy geldi


Karikaturany çeken Mihail Zlatkowskiý

Karikaturany çeken Mihail Zlatkowskiý

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Metbugatda we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde döwlet syrlaryny goramak baradaky komitetiň başlygy Kakabaý Ataýew, pensiýa gitmegi sebäpli, wezipesinden boşadyldy.


Metbugatda we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde döwlet syrlaryny gorap saklamak boýunça komitetiň senzuradygyny her kes bilýän bolsa gerek.

Senzura, elbetde, demokratik döwletlerde ýok. Senzurany Türkmenistana getiren hem-de ony şu ýurtda goýup giden sowet hökümeti. Senzura — ýazyjylaryň, žurnalistleriň, metbugatda we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde erkin söz aýtjaklaryň ýolunda goýlan beton haýatdyr, medianyň erkinligini gysyp saklaýan demir eldir.

Elbetde, ýokardan görkezme bolmasa, senzuraçylaryň özi senzurany saklap bilmez. Ýöne ýokardan görkezme bolanda-da, senzurany ýumşagrak görnüşde hem ýöredip bolar. Edaranyň ady ol edaranyň işini aýdyňlaşdyryp dur: metbugatda we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde döwlet syrlaryny saklamaly.

Dogry, syr — syr bolýar. Döwlet syryny saklamaly bolsa, ony hökman saklamak gerek. Döwlet syry ähli ýurtda-da saklanýar. Ýöne Türkmenistanyň bu edarasyny — ýagny, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Metbugatda we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde döwlet syrlaryny goramak baradaky komitetiň işini bütinleý başga zada öwürdiler.

Bu komitet käbir ýazyjylaryň, žurnalistleriň, ýurtdaky beýleki kärdäki adamlaryň ýazýan zatlaryny gadagan edýän edara öwrüldi. Bu işde bu edaranyň başlygy Kakabaý Ataýew has yhlas görkezýärdi. Örän köp adamlaryň metbugatda we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etmek hukugynyň kesilmeginde Kakabaý Ataýewiň günäsi ýeterlikdir.

“Galkynyş” eýýamynda

Prezident Nyýazow aradan çykandan soň, ýurt başyna täze ýolbaşçynyň gelmegi bilen ýurtda birneme maýylganlyk döräp ugrady. Metbugatda beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde gadagan edilen ýazyjydyr žurnalistleriň, ykdysatçylardyr syýasatçylaryň atlary görnüp, eşidilip başlady. Emma Kakabaý Ataýew derrew munuň öňüni aldy. Ol ähli «gerekli ýerlere» jaň edip, gadagan edilen adamlaryň metbugaty we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerini basyp alyp barýandygy hakda howsalaly habarlary ýetirýärdi. Şeýlelikde, senzura ýene has bekedi.

Diňe bir gadagan edilen ýazyjylaryň, žurnalistleriň, ykdysatçylaryň, syýasatçylaryň çykyş etmegi gadagan edilmän, eýsem, mediada taryhy wakalary bermek, dünýä habarlaryny bermek, dünýeden öten tanymal şahsyýetleri bermek hem gadagan edildi. Bu zatlaryň ählisi Kakabaý Ataýewiň inisiatiwasydyr.

Ine, döwranlar aýlandy. Kakabaý Ataýewiň hem hökmürowanlygynyň soňy geldi. Ol pensiýa ugradyldy. Indi ol agtyklarynyň elinden tutup, köçelerde gezelenç eder, toýa barar, üýşmek-beýlekä barar. Ol ýerlerde oňa özüniň ýamanlyk eden, gadagan eden adamlary hem gabat geler. Şonda Kakabaý Ataýew özüniň wezipesine daýanyp eden hapa işleri üçin örän utanmaly bolar.

Ýamanlykda ýatlanmak — adam ogly üçin iň erbet zatdyr!

Çoluk Möwlamow aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG