Sepleriň elýeterliligi

"Transtürkmen" gaz geçirijisini "Türkmengaz" gurar


Kartanyň çeşmesi: Crude Accountability

Kartanyň çeşmesi: Crude Accountability

Türkmenistan bahasy 1,5 milliard dollarlyk “Gündogar-Günbatar Transtürkmen” gazgeçirijisini öz hasabyna gurmakçydygyny yglan etdi.


"Türkmengaz" döwlet konserni
22-nji maýda döwlet neşiri bolan “Neýtralnyý Türkmenistan” gazeti prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Biz tiz wagtdan öz pulumyza täze Gündogar-Günbatar gazgeçirijisiniň gurluşygyna başlamakçy” diýendigini habar berdi.

Prezident Berdimuhamedowyň gol çeken permanynda döwlet eýeçiligindäki “Türkmengaz” konsernine ýylda 30 milliard kubometr gaz akdyrjak turbageçirijiniň gurluşygyny amala aşyrmak tabşyrygynyň berlendigi aýdylýar. Bu habaryň Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin bilen türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasyndaky resmi telefon söhbetdeşliginden köp wagt geçmänka peýda bolmagy aýratyn ünsi çekýär.

“Türkmengaz” döwlet konserni geçen ýyl, has takygy 2009-njy ýylyň mart aýynda, Ýolöteniň Osman gaz ýatagyndan Hazaryň ýakasyna tarap çekilmegi göz öňünde tutulýan 800 kilometrlik gazgeçiriji boýunça halkara tender yglan edipdi. “Türkmengaz” döwlet konserniniň bu proýekt boýunça iň soňky maglumatlarynda turbanyň gurluşygy bilen Orsýetiň, Hytaýyň we Ýewropanyň ýangyç kompaniýalarynyň azyndan 70 töwereginiň gyzyklanýandygy aýdylypdy. Emma näme üçindir bu tenderiň gutarnykly netijeleri soňra asla yglan edilmedi.

Bu gazgeçiriji proýekt amala aşyryylansoň, ýurduň ummasyz gaz zapaslaryna eýe bolan gündogar regionyny merkezi hem Hazar regionlary bilen baglanyşdyrar.

Soňky ugur

“Gündogar-Günbatar” proýektiniň häzirki wagtda esasy üç potensial eksport ugrunyň bardygy öňe sürülýär. Olaryň birinjisi: Ýewropa çekilmegi göz öňünde tutulýan “Nabukko” turbalaryna birikdiriljek “Transhazar” gazgeçirijisi.

Emma Hazaryň statusy boýunça ylalaşyga gelinmänligi zerarly dowam edýän päsgelçilikler bu proýektiň durmuşa geçirilmek ähtimallygyny pese gaçyrýar. Şol bir wagtyň özünde-de, türkmen tarapynyň suwuklandyrylan gazy Hazaryň üsti bilen tankerler arkaly “Nabukko” turbalaryna ýetirmegi teklip edýändigi hem aýdylýar.

Ikinji ugur: Hazaryň gündogar kenary bilen Orsýete tarap çekilmegi göz öňünde tutulýan hazarýaka turbalary. Hazarýaka turbalaryndan gazak we türkmen gazy bilen birlikde ýylda jemi 20 milliard kubometrlik gaz akdyrylmagy planlaşdyrylýar.

Üçünji ugur: Pakistanyň we Hindistanyň tebigy gaza bolan islegini kanagatlandyrmak üçin niýetlenýän, emma häzirlikçe durmuşa geçirilmek ähtimallygy az hasaplanylýan “Transowgan” gaz geçirijisidir.

Geçen ýyl Britaniýanyň "Gaffney, Cline and Associates" kompaniýasy Günorta Ýolöteniň ýangyç ýataklaryndaky gaz ätiýaçlyklaryny, geçirilen degişli kontrol barlaglardan soň, ululygy boýunça dünýäde dördünji orunda goýupdy.

“Halkara Business Monitor” edarasy Türkmenistanyň gaz önümçiliginiň 2013-nji ýyla çenli 100 milliard kubometre çenli ýokarlanjakdygyny çak edýär. "Bu bolsa geljek 5 ýylyň içinde Türkmenistanyň gaz eksport potensialynyň 75 milliard kubometre golaýlajakdygyny görkezýär" diýlip, edaranyň 2009-njy ýyl boýunça hasabatynda bellenipdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG