Sepleriň elýeterliligi

Ahlaksyzlyk Tokara agyr degýärdi


Tokar Tugurow Parižde geçirilen sergide fransuz kärdeşi bilen

Tokar Tugurow Parižde geçirilen sergide fransuz kärdeşi bilen

Sowet ideologiýasy sungatyň ähli ugurlarynda sosialistik realizmiň gyşarnyksyz ýöredilmegini talap edýärdi. Sosialistik realizmden özge ähli ýollar, usullar doly inkär edilýärdi. Türkmenistanyň döredijilik intelligensiýasy şu hem beýleki düýpli sebäplere görä, häzirki zaman sungatynyň we medeniýetiniň hemmetaraplaýyn ösüş ýollaryndan yza galýardy.


Bu yzagalaklyk garaşsyzlyk zamanynda türkmen intelligensiýasyny agyr synaga sezewar etdi, onuň köp sanly wekillerini görnetin ahlaksyzlyga iterdi, ozalynda ahlaksyzlaryň-da ýasama perdesini syryp, hakyky ýüzüni açyp görkezdi.

Ahlaksyzlyk zamanasynda diňe bir ýaşamag-a däl, hatda ony kesesinden synlamagam Tokar ýaly sungata ýugrulan adamlara agyr degýärdi. Türkmen ýazyjy-şahyrlary Saparmyrat Nyýazowy mahabatlandyryp, ýaranjaň goşgy-gazal, hekaýadyr-roman ýazsalar, Tokaryň kärdeşleri (Hatda öň, sowet döwründe, öz işlerinde azda-kände sungata ýykgyn eden hudožnikler-de!) indi, ýetişip bildiklerinden prezidentiň heýkellerini, portretlerini “döredýärdiler”. Has takygy, Tokar aýtmyşlaýyn, döretmän çekýärdiler.

Belli türkmen heýkeltaraşlary Saragt Babaýew we Babasary Annamyradow Türkmenbaşynyň heýkellerini ýasamakda ýaryşýardylar. Olar: «Bir diktator gitse, ýene birini dörederis. Çünki diktaturada we totalitarizmde bize, heýkeltaraşlara, altyn teňňeler garaşýar. Demokratiýa heýkelsiz dünýä, bize ol jemgyýetde orun ýok» diýip, öz harsydünýäliklerini haýsydyr bir oýlanyp tapylan ýasama ahlaga gabat getirjek bolup dyrjaşýardylar. Özlerini aklamak üçinem dünýä belli hudožnik Mikelanjelonyň döreden işlerini tutaryk edinmäge çytraşýardylar. «Halypa Mikelanjelo-da patyşalaryň, imperatorlaryň keşbini döredenmişin-ä! Bizem şonuň ýaly-da» – diýşip, özleriçe pelsepe otarýardylar. Wah, olar käşgi şol işlerini Mikelanjelonyň öz eserlerini ýetiren derejesiniň müň çakrymlyk golaýyna eltip bilsediler, onda, belki, azaplary ýerine düşse-de düşerdi... Ýöne näme, hemme kişide Mikelanjolanyňky ýaly zehin barmy?

Gynansagam, garaşsyzlyk döwründe Türkmenistanda heýkelçilik sungatynda ýüze tutunarlyk hatda ýekeje-de iş döredilmedi. Diňe 70-nji ýyllarda häzirki Mekan köşgüniň çep tarapyna sapylan ymaratyň ýüzünde hudožnik-heýkeltaraş Ernst Neizwestnyý tarapyndan döredilen hakyky sungat eseri bize, türkmenlere, hemişelik ýadygärlik galdy. Neizwestnyý bu eserini iň şowly çykan işleriniň biri hasaplaýar.

Her haçan ýolumyz düşse, biz Tokar bilen ol eseriň ýanynda hökman birsalym säginip geçerdik. Gowy eserler pul ýa teňňe üçin döredilmeýär, olar hudožnigiň ýüreginden syzylyp çykmaly, diňe şonda eseriň ömri uzak bolýar. Ol hemişe adamlary özüne çekýär.

Zorluga garşy duran sungat

Ussahana, hudožnigiň ýanyna baranymda, köplenç elektrik çyrasy öçerdi. Şonda Tokar şem ýakyp oturmagy halardy. Şol otjagazda-da ol öz ýalňyzlygyny görerdi. Umman ýaly sungatyň içinde ol özüni ýetim galan dek duýardy. ol ýurtda möwç alan diktaturany doly ret ederdi. Geçirilýän döwlet sergilerine gatnaşmazdy.

Alagaraňky ussahanasynda dünýe, döwür, il-gün hakda çuňňur oýlanýan hudožnigiň gürrüňini diňlemek adama ruhy kuwwat berýärdi. Hatda şemiň ölügsi ýagtysy-da, Tokaryň gussaly sesine diňşirgenýän ýalydy. Eger ol nämedir bir zady gürrüň berse, men ony diňläp ýadamazdym.

Ol özüniň resmi sergilere gatnaşmazlygynyň sebäbini maňa şeýle düşündirdi: «Şeýtmek bilen men, azajygam bolsa, güýjümiň ýetdiginden biziň depämizden basýan bu aýylganç totalitarizme garşylyk görkezýän, iň bärkisi öz nägileligimi bildirýän. Bu meniň göreş ýolum. Elimden gelip biläýjek zatlarymy döredýän işlerimde görkezýän».

Bir gezek, adatdaky ýaly, ýolum hudožnigiň ussahanasynyň üstünden düşende, Tokaryň ýanynda maňa Hudožnikler guramasynyň bir çinownigi sataşdy. Meniň gelenimi görüp, ol hoşlaşyp çykyp gitdi. Tokar gaty gaharly görünýärdi. Soňra ol ýaňky çinownik bilen aradaky bolan gürrüňi aýdyp berdi: «Eger öňümizdäki aýda geçiriljek sergä işleriňi bermeseň, onda ussahanaň eliňden gider. Döwlete gulluk etmejek hudožnikleriň ussahanasy alynmaly edildi. Sen sergä gatnaşmaýan ýeke-täk hudoznik, pikirlen» diýip, kellämi agyrdyp gitdi».

Men oňa: «Tokar, birki sany sadarak işleriňden beräý, bolmasa, ussahanaň eliňden gider. Sen nädip ussahanasyz ýaşarsyň?» diýemde, ol kän garaşdyrman, şeýle jogap berdi: «Аlsalar – ölerin, ýöne şularyň sergisine gatnaşmaryn».

Belki, Allanyň gudraty ara goşulandyr, belki-de, Tokaryň üýtgeşik zehinine sarpa goýýan adamlaryň täsiri ýetendir – biljek däl. Ýöne, haýsy-da bolsa, her hal onuň ussahanasyna tokunmadylar, şoňa-da ýüzde-müň şükür!

Tokar döredijilik işinde diňe türkmeniň durmuşyna ýüzlenip oňman, dünýä ýaň salan wakalara hem öz garaýşyny açyk beýän edýär. Şeýle işlerden ABŞ-da 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda terrorçylar tarapyndan parahat ilata garşy edilen elhenç hüjümde wepat bolanlara bagyşlanan, üç bölümden durýan, (triptih) işlerini mysal getirse bolar.

Bu işlerde Tokar abstraksiýa ýoluna mahsus bolmadyk tärleri ulanýar. Ýagny, bu işde abstrakt formalar bilen realistik mazmun çaknyşdyrylýar. Eserde ölenleriň ruhlarynyň Aýyň ýüzünde görkezilmegi işe uly güýç berýär.

«Mämişi Rewolýusiýa»
Tokar 2004-nji ýylda Ukrainada bolup geçen «Mämişi Rewolýusiýa» bagyşlan işinem psihologik abstraksiýanyň üsti bilen suratlandyrýar. Işiň merkezinde üç sany agaç – olar ýerine ýetiriji, kanun çykaryjy we sud häkimiýetlerini aňladýar. Agaçlaryň üstünde, enäniň gursagynda göýä ýaňy doglan bäbek ýatyr. Ol ýurtda ýaňy dörän demokratiýany aňladýar...

Tokar Türkmenistanda-da demokratiýanyň bir günden bir gün edil päkize çaga deýin doglup, kem-kemden boý almagyna garaşdy. Ýok, ol diňe bir garaşmady, şol çaganyň iru-giç türkmen topragynda dogulmagy hem kemala gelmegi üçin öz sungatyny zorluga, süteme, eden-etdilige garşy goýdy.

Berdimyrat Batyrow aşgabatly intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy.

Dowamy bar

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG