Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hany beren sözüň, jenap Prezident?!


Adam pahyr ynanjaň bolýar. Ol erbetligem gowluga ýorýar. Geljege umyt baglaýar, garaşýar. Onuň şol garaşýan güni näçe uzakda bolsa-da, ol şoňa-da kaýyl bolýar. Haçan-da şol garaşylýan gün gelende, käte ony alada gurşap alýar.


Ine, şeýle duýgulara giren Türkmenistanyň ençeme raýatlarynyň ünsi 14-nji maýda Daşoguzda geçirilen Ýaşulularyň maslahatynda bolupdy. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow maslahatda «Adwakatura», «Тohumçylyk», «Ýerli ýerine ýetiriji häkimlik» hakyndaky kanunlar bilen birlikde, «Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine» girizilen üýtgeşmelerdir goşmaçalary ykrar edýänligini hem-de oňa gol çekýänligini münberden bütin halka we dünýä jar edipdi.

Kabul edilen kanunlaryň metbugatda çap edilenden soň güýje girýändigini hemmeler bilýärdi. Şol sebäpli köpler gazetleriň çykaryna garaşýardy.

Maslahatyň yz ýany bu kanunlar yzygiderli çap edilip başlandy. 20-nji maýda gezek «Jenaýat kodeksine» ýetdi. Bu kanuny eline alan adamlar ilki düşünip bilmän alňasadylar. Olar kodeksde prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň iki aý mundan öň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde aýdan tekliplerini tapmadylar.

Eýse, olar nahili tekliplerdi?

2010-njy ýylyň 1-nji martynda Aşgabatda Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirilýär. Bu mejlisiň geçişi barada «Türkmenistan» gazetiniň 2-nji mart, sişenbe günündäki sanynyň 1-nji sahypasynda şeýle ýazýar: «Döwlet Baştutany, hususan-da, bu ulgamdaky (hukuk goraýjy edaralaryň işini kesgitleýän kanunlar) reformalaryň täze tapgyrynda jenaýat-iş ýörediş kanunçylygyny mundan beýläk-de liberallaşdyrmagyň, türmelerde we koloniýalarda iş kesilenleriň saklanyşyna jemgyýetçiligiň has giňden gözegçilik etmeginiň, agyr jenaýatlar üçin iň ýokary jeza möhletini 25 ýyldan 15 ýyla çenli azaltmagyň, temminiň görnüşi hökmünde pul jerimeleriniň girizilmegini belledi» ýa-da şol ýerde «Şoňa laýyklykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisine we Adalat ministrligine täze «Jenaýat» we «Düzediş zähmet kodekslerini» taýýarlamak, olarda hususan-da günä geçmek baradaky toparlara, neşeleri ýerleýänleri günä geçmegiň sanawyna goşmazlyk hukugyny bermegi tabşyrdy».

Şu getirlen iki mysalda-da prezident tarapyndan aýdylan teklipler täze kabul edilen kodekse goşulmady. «Türkmenistanyň Jenaýat kodeksi» ýene liberallaşdyrylman kabul edildi.

Nämäniň alamaty?

Bu mysallardan ugur alsak, Türkmenistanyň prezidentiniň häkimiýete doly eýe däldigini görüp bilýäris. Syýasy sahnanyň aňyrsyndaky eller örän çalasyn hereket edýär. Ol güýçler Saparmyrat Nyýazowyň döwründe tussag edilen adamlaryň azatlyga çykanyny islemeýär. Eger-de, hakykatdanam Berdimuhamedowyň teklibi ýerine ýetirlen bolsady, onda köp ýyllaр tussaglykda oturanlaryň aglabasy azatlyga çykardy.

Beýik ýeňşiň 65 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türmede oturanlaryň belli bir böleginiň günäsini geçýänligi hakynda permana gol çekýär. Şol perman esasynda, 9- njy maýyň öň ýany 7000-den gowrak tussaglar azatlyga goýberilýär. Olaryň 90%-e golaýy «Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň» 292-293-294-295-296-297-299-300-nji maddalary bilen (neşe serişdelerini ulanmak we satmak) tussag edilen raýatlardy. Tussaglaryň käbiri öz maşgalalaryna gelip gowuşmanka täzeden neşe maddalary alandygy we ulanandygy üçin yzlaryna, türmelere eltilip dykylýar.

Baýramalynyň tussaghanasynda birnäçe şeýle wakalar bolup geçdi. Belkem, syýasy sahnanyň aňyrsyndaky eller neşekeşleriň azatlyga çykmagyna sebäp bolandyrlar. Olary goýbermeseň neşe biznеsi hem garyp galjakdy.

"Jenaýat kodeksi" hakynda

Indi, "Jenaýat kodeksi" hakynda kelam agyz. Bu kodeks Türkmenistan garaşsyzlyk alandan soň 1997-nji ýylda doly düzülip kabul edilýär. Ony Sowet döwründäki bilen deňeşdireniňde, jeza çaresiniň güýçlendirilenligi bilen tapawutlananlygyny görse bolýar. Eger Sowet Türkmenistany döwründäki «Jenaýat kodeksinde» iň agyr jeza 15 ýyl bilen atuw jezasy bolan bolsa, 1990-njy ýylyň ortalaryna Garaşsyz Türkmenistanyň «Jenaýat kodeksine» Stalin döwrüniň 25 ýyl jeza çäresi gaýtarlyp getirilýär.

1953-nji ýylda Stalin ýogalandan soň, Nikita Hruşýowyň SSSR-e ýolbaşçylyk eden döwri, «Jenaýat kodeksinde» iň uzak möhletli jeza çäresi 25 ýyldan 15 ýyla kemeldilýär. Türkmenistanda atuw jeza çäresem 1999-njy ýylyň 27-nji dekabrynda Aşgabatda geçen IX Halk Maslahatynda ýatyrylýar. Soňraky ýyllarda bu kodekse köp goşmaçalar we üýtgeşmeler girizilýär. Esasy goşmaçalar 2000-nji ýyldan, ýagny 2002-nji ýylyň 25 –nji noýabr wakalaryndan soň girizilýär, ömürlik tussag çäresem goşulýar. 2008-nji ýylda Konstitusiýa boýunça Halk Maslahatynyň ýatyrylmagy bilen, bu madda-da öz güýjüni ýitirýär.

2003-nji we 2004-nji ýyllarda «Jenaýat kodeksine» ýene goşmaça düzedişler girizilýär we «Türkmenistanyň Jenaýat kodeksi» Staliniň döwründäki «Jenaýat kodeksine» meňzäp başlaýar. Günä bildirilen adamlary azatlykdan mahrum edilmekden başga, olara belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek, sürgün etmek jeza çäresi girizilýär.

Täze "Jenaýat kodeksi"

2010-njy ýylyň 14-nji maýynda Prezident Berdimuhamedowyň gol çeken «Jenaýat kodeksinde» nahili täzelikler bar?

Kodeksiň 101-nji «Bilkastlaýyn adam öldürmek» maddanyň 2-nji bölegindäki, 53-nji «Azatlykdan mahrum etmek» maddanyň 2-nji bölegindäki, 126-njy «Adam ogurlamak» maddanyň 3-nji bölegindäki, kodekse täze girizilen 129-njy 1-iň «Adam söwdasy» maddanyň 3-nji bölegindäki, 134-nji «Zorlamak» maddanyň 3-nji böleginiň “b” punktyndaky, 168-nji «Genosid» maddanyň 1-nji bölümindäki, 170-nji «Halkara goragyndan peýdalanýan adamlara çozuş etmek» maddasynyň 2-nji bölegindäki, 171-nji «Döwlete dönüklik etmek» maddadaky, 172-nji «Içalylyk» maddadaky, 173-nji «Ýykgynçylyk» (diwersiýa) maddanyň 2-nji bölegindäki, 174-nji «Häkimiýeti basyp almak maksady bilen dildüwşik etmek» maddasynyň 2-nji bölegindäki, 176-njy «Türkmenistanyň Prezidentine kast etmek» maddasynyň 1-nji bölegindäki, 271-nji «Terrorçylyk» maddasynyň 3-nji bölegindäki, 274-nji «Banditçilik» maddasynyň 1-nji bölegindäki, 292-nji «Neşe serişdeleriniň ýa-da psihotropiýa maddalarynyň satmak maksady bilen bikanun taýýarlanylmagy, gaýtadan işlenilmegi, edinilmegi, saklanylmagy, daşalmagy, iberilmegi» maddasynyň 3-nji bölegindäki berilýän iň uly jeza çäreleriniň 25 ýyly öňkiligine 25 ýyl diýlip üýtgemän galypdyr.

Jenaýat kodeksine üç sany täze maddalar goşulypdyr. Olar 129-1 «Adam söwdasy», 271-1 «Terrorçylygy maliýeleşdirmek», 306-1 «Nasyň satmak maksady bilen taýýarlanylmagy, edinilmegi, saklanylmagy, daşalmagy, iberilmegi» hakyndaky maddalary we 279-njy madda goşulan 3-nji bölegi (3. Ýarag ulanmak bilen ýa-da ýarag hökmünde zatlary ulanmak bilen amala aşyrylan huligançylyk üçin iki ýyldan ýedi ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär) hem-de 65-nji «Jezalar goşulan mahalynda olaryň möhletlerini kesgitlemegiň tertibi» maddanyň 1-nji bölegine goşulan “a”, “b”, “ç” punktlary:
a) harby-düzediş bölüminde bir gün saklanylmagy;
b) belli bir ýerde ýaşamak borjy ýüklenilmegiň bir güni;
ç) düzediş işleriniň ýa-da harby gulluk boýunça çäklendirmeleriň üç güni.

Birnäçe maddalara, öňki jeza çäreleri bilen birlikde, pul jerimeleri hem girizilipdir. Olar 181-nji maddanyň 2-nji, 188-nji maddanyň 2-nji, 229-njy maddanyň 3-nji, 234-nji maddanyň 2-nji, 237-nji maddanyň 3-4-nji, 248-nji maddanyň 2-nji, 254-nji maddanyň 2-nji, 264-nji maddanyň 2-nji, 265-nji maddanyň 3-nji, 293-nji maddanyň 1-nji, 304-nji maddanyň 2-nji, 307-nji maddanyň 2-nji, 310-nji maddanyň 2-nji, 358-nji maddanyň 1-nji, 359-njy maddanyň 1-nji böleklerine goşulypdyr.

Täze kabul edilen «Jenaýat kodeksiniň» öňkiden ýene bir aýratynlygy bar. Köne kodeksdäki maddalaryň käbirlerinde jeza möhletiniň täze düzedişlerden soň ýokary galdyrylmagydyr. Mysal üçin, 126-njy «Adamy ogurlamak» maddasynyň 1-nji böleginde, köne kodeksde jeza çäresi 2 ýyldan 5 ýyla çenli bolan bolsa, täze düzedişden soň, onuň möhleti 4 ýyldan 10 ýyla çenli uzaldylypdyr. Şol maddanyň 3-nji böleginde, köne kodeksde jeza çäresi 8 ýyldan 15 ýyl diýlip goýlan bolsa, täze düzedişden soň onuň möhleti 15 ýyldan 25 ýyla çenli ýokarlandyrylypdyr.

Umumy alanyňda, Türkmenistanda täze kabul edilen "Jenaýat kodeksi" adamlaryň umytlaryny ödemedi. Maddalara goşmaça girizilen pul jerimeleri sud prosesinde pozitiw rol oýnaman, geljekde negatiw täsirini ýetirer. Sebäbi Türkmenistanda garaşsyzlykdan soň Sud häkimiýetinde reforma geçirilmedi. Sudlar garaşsyz däl. Sudlar para-peşgeş bilen ýöreýän häkimiýete öwrüldi.

Eger-de bir madda-da bellenen ýerde ýaşamaga we azatlykdan mahrum etmäge mümkinçilik goýlan bolsa, onda sudýalar kim para berse şony sürgüne ýollar, bermediklerem zyndana iberer.

Kodekse üç sany täze madda girizip, 16 sany madda-da pul jerimelerini goşanyň bilen, ondan liberal kodeks bolmaýar. Hany ile beren sözüňiz, jenap Prezident?!

Gurbangeldi Töräýew aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG