Sepleriň elýeterliligi

Beýik Ýeňşiň 65 ýyllygy mynasybetli günä geçişligiň netijesinde Türkmenistanyň türmelerinden ýedi müň çemesi bendiler tussaglykdan boşadylyp, öýlerine goýberildiler. Azatlyga goýberilenleriň arasynda az ýyl kesilen aýallardyr gyzlar-da bar.


Tussaglykdan boşap gelen zenanlaryň aýtmagyna görä, Daşoguzdaky türmede, ýene-de bäş müňe golaý tussag saklanýar. Bu san jemgyýetiň örän zaýalananlygyndan habar berýär.

Türmedäki zenanlar — durmuşa çykmadyk ýaş gyzlar, ýaňy durmuşyň gyrasyndan giren ýaş gelinler, ýedi çarşenbäni başyndan geçiren, ýaşy bir çene baran garry aýallar. Olaryň 90 prosentine golaýy neşe söwdasy bilen ele düşenler.

Şunça gelin-gyzyň neşe söwdasyna ulaşyp, türme ýaly aýylganç ýere barmasyna näme sebäp bolupdyr? Açlykmy, açgözlükmi, nebis otugmamy, işsizlikmi, garyplykmy? Ony bilýän ýok.

Ýurduň Gurbansoltan eje adyndaky zenanlar guramasy, Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy bu ýagdaýy öwrenjek boldumyka? Duldan bir ädim daşaryk çykmaýan türkmen ulugyzynyň, gelniniň ne sebäpden neşe söwdasyna ulaşyp, gazamatda mesgen tutany bilen gyzyklanýan barmy? Ýurduň «Zenan kalby» atly aýallar žurnaly bu betbagt zenanlaryň durmuşyny öwrenip, makalalar ýazdymyka? Şu problemanyň soňuna nädip çykyp boljakdygy hakda hökümet ýolbaşçylary üýşüp, kelle döwýärmikäler?

Ýurduň baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda neşe ýaýradyjylara orun ýokdugy hakda, olaryň garşysyna her bir türkmen raýatynyň göreşmelidigi hakda özüniň her çykyşynda aýdýar. Prezident özüniň bu sözüni ýaňy-ýakynda Daşoguzda geçen Ýaşulularyň maslahatynda hem gaýtalady.

Neşe söwdasynyň garşysyna göreş yglan edilmesi, aýratyn-da bu göreşiň başynda ýurt ýolbaşçysynyň özüniň durmasy örän gowy zat. Ýöne onuň garşysyna nädip göreşmeli?! Onuň köki-damaryny nädip ýok etmeli? Ine, şu zatlaryň aýdyň ýoly hem aýdylsa gowy boljak. Ýogsam bolmasa, neşe satany tutup türmä atyp duranyň bilen neşekeşligiň soňuna çykyp bolarmy?

Ýurtda Ylymlar akademiýasynyň işine ýol açylyp, ylmy işler ýazmaga rugsat berildi. Sosiologlar üçin ine, şu aýallar türmesi hem-de neşe söwdagärlerine öwrülen aýallaryň durmuşy uly tema. Şu ýagdaýlaryň näme üçin ýüze çykýanyny, ony düzetmegiň ýollaryny ylmy taýdan derňemek gerek.

Olar bilen hiç kimiň işi ýok. Gaýtam, her gün diýen ýaly neşe söwdasyna ulaşan gelin-gyzlar bilen olaryň üsti doldurylýar.

Bäş müň türkmen zenany türmede!

Bu gaty aýylganç ýagdaý. Ýurt üçinem aýylganç, tutulanlaryň özleri üçinem. Olar haýsydyr bir gün özleriniň ol ýerden boşadyljagyna yş açylaryna garaşyp ýatyrlar.

Durmuşda zenanlar naçar hasaplansa-da, geçirilýän barlaglara görä, zenan türmelerindäki agressiýalar erkekleriň türmesine garanyňda has ýowuz hasaplanýar. Şeýle agressiýa Daşoguz türmesinde-de höküm sürýär. Zenanlaryň türmesinde çalaja bir nädogrurak hereket edeni üýşüp urýarlar.

Daşoguz türmesinden boşap gelenleriň aýtmagyna görä, ýan ýoldaşlary yzyndan baryp, olar bilen jynsy gatnaşykda bolýan gelinler göwreli bolup, göwreliligi türmede geçirýärler. Olar dograndan soň, doglan çaga çagalar öýlerine iberilýär. Çagalar öýlerinde ol çagajyklar uzak ýaşaman, aradan çykýarlar. Dogran ýaş ene bolsa, dograndan soň ýene türmä getirilýär.

Türmede berilýän nahar ýurt üçin diňe çykdajy. Halys yzyndan zat barmaýanlar bolaýmasa, ol ýeriniň naharyny iýýän ýok. Süle gaýnadylyp berilýän esger naharyndan-da tagamsyz. Gara çörek hem suwa gaýnan kelem, kädi… Tussaglar biri-biri bilen topar bolup, yzlaryndan hossarlaryň eltýän tagamlaryny paýlaşyp iýýärler. Haly, kilim dokamak, keşde çekmek ýaly işler kän. Ýöne ol işler üçin hiç kime pul tölenmeýär. Ýürek gysmadan işläýmese, hiç kim iş bilenem meşgullanmaýar.

Şeýle agyr şertlere garamazdan, günä geçişlige düşüp boşaýanlaryň köpüsi ýene ol ýere dolanyp barýarlar. Olaryň akyly ýerinde dälmi ýa-da halys nebsini jylawlap bilenoklarmy, ýa çörek puly tapanoklarmy? Näme üçin jemgyýet ýeke-ýekeden olar bilen gepleşip, olaryň hal-ýagdaýyny öwrenmeli däl?

Soňky wagtlar tut-ha-tutluklar ýene köpeldi. Müňlerçe zenan neşe söwdasy bilen tutulyp, türmede ýatyr. Aýallaryň şeýle köp sanlysynyň bu türmä gelenini öň hiç wagt görmändiklerini ozal birnäçe sapar türmede ýatyp çykanlar hem-de ol ýeriniň polisiýa wekilleri aýdýarlar.

Özbekler, täjikler, eýranlylar, Owganystandan geçenler bilen neşe alyş-çalşyny edenlikde aýyplananlar kän. Ol ýurtlaryň neşe ýaýradyjylary nädip serhetlerden geçip bilýärler? Serhet gowşak goralýarmy? Ýa-da neşejik göterip, arkaýyn geçmäge serhetde mümkinçilik barmy?

Ençeme ýaş gyzlar zaýalanýar. Ýigitler türmä düşüp gelse, köpräk pul tölense, olary öýerip bolýar. Ýöne türmä düşen gyza kim öýlener?

Ýa bu ýagdaý azgynçylygyň alamatymy? Türkmenistan döwleti döredilip, halk oturymly ýagdaýa geçýänçä türkmeniň hiç wagt hem ini ýazylmady. Gedaýçylyk, garyplyk, iýmit ýetmezçiligi türkmen topragynda mydama dowam edip geldi. Ikinji jahan urşy ýyllarynda açlykdan ölenler, selme, ot, künjara, kepek iýip ýaşanlar, şol açlyk bilenem agyr-agyr işlerde işläp, Ýeňşe goşant goşanlar neşe söwdasyna ulaşmandy. Ol döwürlerde ulugyz bilen gelin-ä däl, erkekler hem neşe söwdasyny etmändi. Häzirki nesle näme boldy?

Türmä şeýle bir owadan gyzlar düşýär, olara eliňi degirseň, kir ýokaýjak ýaly. Eliňi uzatmaga dözeňok. Olaryň özleri welin, ömürlerini gara buladylar.

Bir üýşmekde haýsy welaýatyň gyzlarynyň owadanlygy hakda gürrüň gitdi. Her kim bir zat diýýärdi. Şol wagt polisiýada işleýänleriň biri şeýle diýdi: «Hiç welaýatda-da häzir owadan gyz ýok. Owadan gyzlaryň bary türmede!»

Şol söz belli bir derejede ýalan däl.

Bu sowallara degişli meseleler öwrenilse gowy bolardy. Ýogsa neşe söwdagärlerini tutanyň bilen bu nogsanlygyň soňuna çykyp bolaryndan bolmazy ýakyn.

Serdar Gulgeldiýew aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG