Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda Loýa Jirgäniň geçirilmeli wagty yza süýşürildi


Owganystanyň içki durmuşyny parahatçylykly kadalaşdyrmak boýunça wekilçilikli konferensiýanyň - Loýa Jirgäniň geçirilmeli wagty ýene yza süýşürildi. Öň bu çäräniň 29-njy maýda geçirilmegine garaşylýardy.

Indi Loýa Jirgäniň 2-nji iýunda açyljakdygy habar berilýär. Bu ýagdaýyň delegatlara wagtynda paýtagta gelmäge hem özlerini hasaba aldyrmaga mümkinçilik döretjekdigini konferensiýanyň guramaçylary aýdýarlar.

Ýöne Loýa-Jirgä “Talyban” hereketiniň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylmaýar.
XS
SM
MD
LG