Sepleriň elýeterliligi

Pekinde hytaý-amerikan gepleşikleri başlanýar


Pekinde iki günlük ýokary derejeli hytaý-amerikan gepleşikleri başlanýar.

ABŞ-nyň wekilçilikli delegasiýasyna baştutanlyk edýän döwlet sekretary Hillari Klintonyň sözlerine görä, gepleşikleriň baş temasy ikiktaraplaýyn ykdysady gatnaşyklar hem Eýranyň ýadro programmasy bolar.

Taraplar şeýle-de Demirgazyk Koreýa problemasyny maslahat eder. Çünki iki Koreýanyň arasyndaky gatnaşyklar gaty dartgynlaşdy.

Günorta Koreýa şu ýylyň mart aýynda Sary deňizde öz harby gämisiniň heläkçiligi üçin jogapkärçiligi Phenýanyň üstüne ýükledi.

Waşington bilen Pekiniň gatnaşyklarynda-da soňky döwür ykdysady meseleler boýunça oňşuksyzlyklar bar.

Hytaý häkimiýetleri bilen “Google” kompaniýasynyň dawasy, ýarag bermek barada ABŞ bilen Taýwanyň arasynda gol çekilen ylalaşyk şol dartgynlylyga sebäpdir.
XS
SM
MD
LG