Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýada şazadanyň öňki aýaly ötünç sorady


Beýik Britaniýanyň korolewasynyň ortanjy ogly şazada Endrýunyň öňki aýaly Sara Fergýuson ötünç sorap çykyş etdi. Oňa bir wideoýazgynyň görkezilmegi sebäp boldy.

Sara Fergýuson ýazgyda bir biznesmene telekeçilik problemalaryny çözmek hem öňki adamysy bilen duşurmak üçin 500 müň funt sterling tölemegi teklip edýär.

Biznesmen bolup “News of the World” neşiriniň jurnalisti çykyş edýär.

Şazada Endrýu Britaniýanyň söwda meseleleri boýunça resmi wekilidir.

Ýalan biznesmen bilen öňki aýalynyň duşuşygy barasynda hiç zat bilmeýändigini şazada Endrýu aýtdy.
XS
SM
MD
LG