Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedowyň Hindistana sapary başlanýar


Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanyň hökümet delegasiýasy 24-26-njy maý günleri Hindistana sapar bilen barar. Bu barasynda nobatdaky hökümet maslahatynda Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow habar berdi.

Onuň sözlerine görä, saparyň dowamynda Hindistanyň ýokary derejeli ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklara degişli ençeme dokumente gol çekiler.

Türkmenistanyň prezidenti öz çykyşynda Hindistan bilen gatnaşyklaryň möhümdigini belläp, syýasy, ykdysady we gumanitar ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk aktiwleşdirmegiň, şeýle-de bileklikdäki täze proýektleri durmuşa getirmegiň möhümdigini belledi diýip, türkmen metbugaty habar berýär.
XS
SM
MD
LG