Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kodeksiň liberallaşmagyna garşy çykýanlar ýeňdi


Türkmen jemgyýetçiligi ahyrsoňy ýurduň ýaňja tassyklanan Jenaýat kodeksi bilen tanyşmak mümkiniçligini aldy.


Elbetde, graždanlaryň aglaba bölegini gyzyklandyrjak zat – prezident tarapyndan berlen sözleriň durmuşda amala aşmagyna täze kanunyň näderejede bap geljegidir. Şol wadalaryň arasynda türme sistemasyny liberallaşdyrmak meselesi-de bardy.

G.Berdimuhamedow täze kanunda iň agyr jeza bolan – 25 ýyllyk türme tussaglygyny 15 ýyla getirmek barada özgerişiň boljakdygyny ýaňzydypdy. Ýöne syn edilse, bu ideýa garşy çykýanlaryň ýeňiş gazanandygyna göz ýetirip bolýar. Çünki 25 ýyl türme tussaglygy täze kanunda saklanyp galypdyr.

25 ýyl türme tussaglygy aýratyn agyr jenaýatlar üçin göz öňünde tutulýar. Şol agyr jenaýatlara ozaly bilen dönüklik, içalyçylyk, dildüwşük, elbetde, prezidentiň ömrüne we saglygyna wehim salmak ýaly döwlete garşy jenaýatlar girýär. Şu sanalan jenaýatlar toparyna häkimiýetlerde eglişik ýok, şol kategoriýada hiç hili liberallaşma-da ýok.

Gapma-garşylyk

Täze Jenaýat kodeksinde iň bir gapma-garşylykly hem geň madda 3-nji maddanyň 7-nji bölümi bolsa gerek. Onuň sözbaşysy “Jenaýat kanunçylygynyň prinsipleri” diýlip atlandyrylýar. 7-nji bölümden sitata: “Jenaýat edenleriň garşysyna ulanylan jeza ýa-da beýleki bir hukuk-kanun çäresi fiziki taýdan jebir bermegi ýa-da ynsan mertebesini kemsitmegi öz öňünde maksat edip goýmaýar”. Eger kanunda yglan edilen bu prinsipe eýerilse, onda derňew izolýatorlaryndan başlap, ýurtdaky ähli türmeleri ýapaýmaly. Sebäbi ýurtda iň agyr jebir çykarylan höküm däl-de, türmelerdäki, tussaghanalardaky şertler.

Türkmenistanyň azatlykdan mahrum edýän ähli edaralaryndaky aýylganç şertler, ýagdaýlar barasynda dünýä metbugaty ençeme gezek ýazdy. Şol reallyklar her gün tussaglara fiziki jebir berýär, olaryň ynsan mertebesini kemsidýär. Bendileriň oturýan kameralary aşa dar ýa-da az adama niýetlenen jaýda gaty köp adam oturýar, gezekleşip ýatylýan ýerlerem bar. Türmelerde ýokanç keseller köp, onuň bir näsagdan başgasyna aňsatlyk bilen geçmegine-de näçe diýseň şert bar.

Şeýlelikde ýagdaýy täze kabul edilen kanuna laýyk getirmek üçin döwlet ýörite maliýe serişdelerini goýbermeli. Eger häkimiýetler ýurtda tussaglaryň sanyny azaltmak islemeýän bolsa, onda türmedir lagerleriň täzelerini gurmaly. Ähli türme sistemasy öz-özüne hem prezident administrasiýasyna hasabat bermeli. Başgaça aýdylanda, sistemanyň öz içinde gözegçilik bolmaly.

Ynamsyzlyk

Şu wagta çenli tikenli simiň aňyrsyndaky türkmen dünýäsine baryp görmek barada halkara guramalaryň edýän çagyryşlary, talaplary jogapsyz galyp gelýär. Häkimiýetleriň ýatlara, daşardan gelenlere ynamsyzlygyna düşünse-de bolardy, ýöne özüniňkilere bolan ynamsyzlygyna näme diýjek?

Türkmen türme sistemasynyň, administrasiýasynyň işine garaşsyz gözegçiligi parlamentiň degişli komitetleri-de amala aşyryp bilmeýärler. Şeýle ygtyýarlyk parlamentde ýogam. Onda türmeleri liberallaşdyrmak ideýasyny amala aşyrmakda prezident kime daýanyp biler?

Býurokratiýa islendik özgerişe aýakbagy bolup gelýär, muny dünýä praktikasy-da görkezýär. Türme hem sud býurokratiýasy dünýäde iň konserwatiw býurokratiýadyr. Şeýle ýagdaýda islendik Jenaýat kodeksi öz maddalarynyň garşysyna hereket eder, tussaglaryň çekýän fiziki horluklaryny, olaryň ynsan mertebesiniň kemsidilmesini-de aklamak bilen bolar.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG