Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda SSSR döwründe birnäçe döredijilik birleşikleri hereket edýärdi. Olaryň ilkinji döredilenleriniň biri Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşigidi.


Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşigi 1930-njy ýyllaryň ortalarynda döredilipdi. Şol ýyllar Moskwadan gelen ýazyjylar Türkmenistanyň welaýatdyr-etraplaryna aýlanyp, ýerli ilat bilen döredijilik duşuşyklaryny geçirýärler.

Moskwadan gelen ýazyjylaryň arasynda Nikolaý Tihonow, Leonid Leonow, Walentin Kozin we meşhur Andreý Platonow bardy. Soňra olar öz döredijiliklerinde türkmen topragy, onuň tebigaty, halkyň taryhy bilen baglanyşykly birnäçe çeper eserleri döredipdiler. Olardan Andreý Platonowyň «Jan» powesti naýbaşy eserleriň biri hökmünde dünýä edebiýatynyň taryhyna girdi. Şondan dogry 60 ýyla golaý wagt geçensoň, Aşgabadyň eksperemental ýaşlar teatry Platonowyň adybir powesti esasynda «Jan» spektaklyny sahnalaşdyrypdy. Gynansagam, häzir bu kollektiw, syýasy sebäplere görä bu spektakly dikeldip bilenok.

30-njy ýyllaryň başlarynda türkmen ýazyjy-şahyrlary öz rus kärdeşlerinden edebiýatyň içki syrlaryny öwrenerdiler. Proza žanry ýörjen-ýörjen edip, türkmen edebiýatynyň sahypalaryny galňadyp başlapdy. Şol ýyllar edebiýaty ösdürmek we ony halk köpçüligine elýeterli etmek maksady bilen Türkmenistanda Ýazyjylar birleşigi döredilipdi. Onuň ilkinji ýolbaşçylary 1937-nji ýyllarda halk duşmany diýlip atylan Hojanepes Çaryýew we Oraz Täçnazarowdy.

Öz ýüzüne gara çeken gurama...

Ýyllaryň geçmegi bilen Ýazyjylar birleşigi berkäp, türkmen edebiýatynyň öňküden hem ösmegine itergi berdi. Bu birleşik öz geçiren gurlutaýlarynda edebiýatyň dürli žanrlarynda halkyň halajak eserleriniň döredilmegini, olaryň gazet-žurnallaryň üsti bilen ilata ýetirilmegini gazanardy. Bu gurama döredijilik ýoluna ýaňy başlan ýazyjydyr şahyrlara diňe ruhy däl, eýsem maddy goldawy hem bererdi. Ýazyjylar birleşigine dürli ýyllarda ýolbaşçylyk edenlerden Berdi Kerbabaýewi we Täşli Gurbanowy edebiýat söýüjiler şu günem ýagşylykda ýatlaýarlar.

1991-nji ýylda Türkmenistan Garaşsyzlygyny alandan soň, Ýazyjylar guramasy ýuwaş-ýuwaşdan öz döredijilik erkinligini ýitirip başlady. 1999-njy ýylda bu gurama asla ýatyryldy. Onuň soňky ýolbaşçylary Saparmyrat Nyýazowyň şahsyýet kultuny mahabatlandyrmakda bir-birleri bilen ýaryşyp, prezidente ýaranjaňlyk edip, guramany öz elleri bilen dargatdylar. Ýazyjylar birleşiginiň Azady köçesindäki binasy Ukrainanyň ilçihanasyna berildi. Meşhur Berdi Kerbabaýewiň, Beki Seýtäkowyň, Aman Kekilowyň, Kerim Gurbannepesowyň, Gurbannazar Ezizowyň, Täşli Gurbanowyň, Ata Atajanowyň işlän we döreden jaýlary indi ukrainaly diplomatlaryň mesgenine öwrüldi.

Ýazyjylar birleşiginiň dargamagy bilen türkmen edebiýaty ýetim galdy. Ýazyjy-şahyrlaryň okyjylar bilen arasyndaky ýakyn gatnaşyk kesildi. «Aýgytly ädim», «Ykbal», «Söýgi», «Doganlar», «Perman» ýaly meşhur eserler garaşsyzlyk ýyllarynda döremeýär. Olara derek köşk şahyrlary Osman Ödäýewiň, Gözel Şagulyýewanyň, Nobatguly Rejebowyň, Baýram Jütdiýewiň, Sapar Öräýewiň, Annaberdi Agabaýewiň diktator Saparmyrat Nyýazowa ýazyp beren goşgularydyr diwanlary alymlar kollektiwi tarapyndan toplanyp, Türkmenbaşynyň ady bilen çap edilen «Ruhnama» kitaplary yzygiderli neşir edilip, ol kitaplar çagalar bagyndan tä garrylara çenli zorluk bilen satyn almaly edildi.

Edebiýata dönüklik eden ýaranjaňlaryň aladasy bilen garaşsyz ýazyjylary öz hatarlaryndan çykaran Ýazyjylar guramasy diýdimzor hökümdaryň öňünde ýedi bükülse-de, onuň sübsegärine öwrülse-de, barybir uzak ýaşap bilmedi, halkyň gözünden düşüp, ýok bolup gitdi.

Halky kinosyz goýan kinoçylar

Halmämmet Kakabaýew diplomatlar bilen, Aşgabat
Döredijilik birleşiklerinden ýene şular ýaly gözgyny ýagdaýa düşenleriň biri hem Türkmenistanyň Kinematografiýaçylar guramasydyr. Bu birleşigiň sakasynda belli kinorežissýor we aktýor Alty Garlyýew durupdy. Kinematografiýaçylar birleşigi döredilýän filmlerde professionalizmiň ösmegine uly goşant goşdy. Şol ýyllar türkmen kinoçylarynyň döreden filmleri diňe öz ýurdumyzda däl, eýse daşary döwletlerde hem uly abraýa eýe bolupdy.

1980-nji ýyllaryň ortalarynda režissýorlar Osman Saparowyň «Gorkak batyr», Halmämmet Kakabaýewiň «Ogul» filmleri daşary ýurtlarda uly baýraklara mynasyp bolup, türkmen kinosynyň täze sahypasyny açdylar. Emma Garaşsyzlyk ýyllary kino sungaty boýunça ýolbaşçylyk kürsüsine ýetenler Gülsoltan Halmämmedowa, Saparmuhammet Jallyýew öz şahsy we maddy bähbitlerini arap, Kinematografiýaçylar birleşiginiň dargamagyna sebäp boldular. Olar “Türkmenfilme” Alty Garlyýewiň adynyň gaýtadan dakylmagy meselesinde-de örän biagyrlyk edýärler. “Türkmenfilmiň” häzirki döredýän işleriniň hili öňki ýyllardaky iň gowşak filmleriň hem derejesine ýetip bilenok!

Dogrusy, bu döredijilik birleşiginiň başyna ýetenem ýaranjaňlyk boldy. Kinoçylaryň agramly bölegi Nyýazowy öwüp, ol hem onuň ene-atasy hakynda film ýasap, gün görjek boldular. Beýle adalatsyz agramy hem kino sungaty uzak göterip bilmän, dargap gitdi.

Kompozitorlaryň haly niçik?

Türkmenistanyň Kompozitorlar birleşigi-de tanymal kompozitor Weli Muhadow aradan çykansoň, döwlet derejesinde abraýyny saklap bilmän dargamak bilen boldy. Guramanyň iň soňky başlygy we konserwatoriýanyň rektory, kompozitor Rejep Allaýarowy Saparmyrat Nyýazow ýaşlara «Ýewropa sazlarynyň äheňinde saz döretmegi we çalmagy öwretmeli däl» diýip, wezipesinden aýyrdy.

Kompozitorlar birleşiginiň dargamagy bilen türkmen radiosynda we telewideniýesinde, döwlet konsert köşklerinde professional sazlaryň we aýdymlaryň ýaňlanmagy kesilip, ýerine köçe ýa-da il arasynda ýörgünli tutulýan toý bagşylary sahnany ykjam eýelediler. Olar öňki kompozitorlaryň döreden sazlaryny diňe ýoýman, ony öz döreden aýdymlary diýip, konsertlerde aýdýarlar. Türkmen saz sungaty öz milliligini ýitirip, hindi, türk, eýran, arap sazlaryndan ogurlanyp düzülen, şama-şaýyrdy zada öwrüldi. Bu şama-şaýyrdy aýdymçylar türkmen hökümetiniň ýolbaşçylarynyň häzire çenli-de resmi baýramçylyklarda özleriniň diňleýän, halka diňledýän we daşary ýurtly myhmanlara hödürleýän milli aýdym-saz sungatynyň özeni bolup galýar.

Bir döwürlerde Saparmyrat Nyýazow ähli türkmen halkyny aýdymçy etjek bolup çalyşdy. Türkmenistanyň şol döwürlerdäki Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň hemmesi üýşüp, hor bolup hem aýdym aýdypdylar. Türkmenistanda saz sungaty, ruslaryň dili bilen aýtsak «haltura» öwrüldi, bu-da – harsal, ýaramaz diýmekdir.

Teatrlary masgarabazlar eýeledi...

Türkmen teatry öz gözbaşyny 1920-nji ýyllaryň aýagyndan alyp gaýdýar. 1926-njy ýylda Aşgabatda açylan baş teatr ilki Staliniň adyny göterýär, soňra oňa türkmen klassyk şahyry Mollanepesiň ady berilýär. Bu teatr öz taryhy ýolunda ençeme dramaturglaryň eserlerini sahnalaşdyrdy. Şekspiriň, Molýeriň, Gogolyň, eserlerinden goýlan spektakllar ýaşuly tomaşaçylaryň henizem ýadyndan çykanok.

Teatr sungatynyň professional derejesini ýokarlandyrmak we onuň agzalarynyň maddy hal ýagdaýlaryny gowulandyrmak üçin ir döwürler Türkmenistanyň Teatrlar birleşigi döredilipdi. Bu birleşik ýurduň teatrlarynda sahnalaşdyrylýan spektakllaryň hili barada, onuň çeperçiligi hakynda alada ederdi. Teatr tankytçylary bu meselelere aktiw gatnaşardylar. Türkmenistanyň teatr kollektiwleriniň daşary döwletlerde döredijilik çykyşlaryny gurnamakda Teatrlar birleşigem öz göşandyny goşardy. Bu gurama köp ýyllar SSSR-iň Halk artistkasy Maýa Aýmedowa ýolbaşçylyk edipdi. Guramanyň Saparmyrat Nyýazow tarapyndan dargadylmagy Türkmenistanyň teatrlaryny bir adamyň teatryna öwürdi. Saparmyrat Nyýazow baş režissýor we baş aktýor bolýar. Ol teatrlaryň repertuarlaryny tassyklap, oňa özi režissýorlyk etdi. Türkmenleriň hemme teatrlarynda, hatda Puşkin adyndaky rus drama teatrynda hem Saparmyrat Nyýazowyň «Ruhnamasy» sahnalaşdyryldy. Hakyky teatr sungaty bolsa geçmişde galdy.

Arhitektorlar kimiň gullugynda?

Arhitektura we Dizaýnçylar döredijilik birleşigi barada-da aýtmakçy. Arhitektura ymarat gurluşyklary baradaky sungat hökmünde köneden tanalýan hem bolsa, dizaýnçylar barada düşünje biziň jemgyýetimize 80-nji ýyllarda ornaşdy. Bu guramalar ýurdumyzdaky şäherleriň keşbine döredijilik taýdan serederdiler. Her bir guruljak ymaratyň gözellik bilen sazlaşmagy olaryň esasy işidi. 90-njy ýyllaryň ortalarynda Saparmyrat Nyýazow bu guramalaram ýatyryp, olaryň funksiýasyny özi üstüne aldy we ol türkmenleriň baş arhitektoryna we dizaýnçysyna öwrüldi. Baş “arhitektoryň” görkezmesi bilen biziň gözel Aşgabadymyzyň köneden gelýän keşbine, arhitektura ansamblyna düzedip bolmajak zeper ýetirildi.

Nyýazow ilki Lenin bagynyň ýanyndaky 1896-njy ýylda gurlan gyzlar gimnaziýasynyň binasyny, soňraky ýyllarda Gara Seýitliýew adyndaky medeni-aň bilim tehnikumynyň gözel taryhy ymaratyny ýer bilen ýegsan etdirdi. Soňra ol Şewçenko köçesinde Türkmenistan myhmanhanasynyň arkasynda ýerleşen, gadymy depäni bir günüň içinde ýok etdirdi. Bu depe biziň eramyzdan öň ýaşap geçen Arşaklaryň siwilizasiýasyna degişlidi. Onuň yz ýany, şol köçäniň ugrunda ýerleşen bir gatly Taryhy muzeýiň jaýyny ýykmak hakynda hem höküm çykardy. Geçen asyryň 1918-1919-njy ýyllarynda graždanlyk urşy döwründe bu jaýda ak goşunyň harby ştaby ýerleşipdi. Ondan öň bolsa, ol ýerde Zakaspiniň general-gubernatorynyň iş jaýy ýerleşýärdi. Bu taryhy jaýlar ýykylanda, oňa arhitektorlaram, taryhçylaram, döredijilik intelligensiýasam garşy durmadylar. Olar agzybirlik bilen dymdylar. Sebäbi Saparmyrat Nyýazow oňa çenli döredijilik guramalaryň ählisini derbi-dagyn edipdi. Şondan soň ol islänini edibermelidi, elbetde, ol hut şeýle-de etdi...

Döredijilik birleşmeleri näme üçin gerek?

Häzirki zaman dünýäsinde, onda-da biziňki ýaly ýurtlarda, döredijilik birlişikleriniň bolmagy gaty zerur. Döredijilik guramalary Türkmenistanyň medeniýetiniň we sungatynyň professional derejede ösmegine hyzmat edýär. Bu guramalaryň bar ýerinde medeniýet we sungat ösýär.

2010-njy ýylyň 18-nji martynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edilen “Medeniýet“ hakyndaky kanunyň 17-nji maddasy “Döwlet we professional döredijilik işgärleriniň jemgyýetçilik birleşikleri“ diýlip atlandyrylýar. Şu madda döredijilik işgärleriniň jemgyýetçilik guramalarynyň döremegine giň ýol açýar. Şoňa esaslanyp, Türkmenistanyň döredijilik işgärleri gaýtadan öz professional guramalarynyň düýbüni tutmaga, olary dikeltmäge girişmeli. Eger şu meselede biagyrlyk edilse, onda biz öz geljekki neslimiziň öňünde günäkär bolarys.

Berdi Kerbabaýewiň, Hydyr Derýaýewiň, Alty Garlyýewiň, Weli Muhadowyň, Nury Halmämmedowyň, Daňatar Öwezowyň, Aman Gulmämmedowyň, Ata Durdyýewiň, Aýhan Hajyýewiň, Gurbannazar Ezizowyň, Kerim Gurbannepesowyň, Beki Seýtäkowyň we ýene-de ýüzlerçe türkmen medeniýet we sungat işgärleriniň goýup giden kesp-kärleri professional derejede dowam etdirilse, nähili gowy bolardy.

Döwlet Hojamedow aşgabatly inteligensiýa wekiliniň edebi lakamy. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG