Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HAEG Eýrandan resmi hat aldy


Halkara atom energiýasy guramasy öz ýadro programmasy bilen bagly Türkiýe bilen ylalaşyk gazanylandygy barada Eýrandan resmi hat alandygyny tassyklady.

Geçen hepde Braziliýanyň gatnaşmagynda Tähranda gelnen ylalaşyk Eýranyň pes derejede baýlaşdyrylan uranynyň uly bölegini Türkiýäniň territoriýasynda ýadro energetikasy üçin gerek ýangyja çalyşmagy göz öňünde tutýar.

HAEG-iň maglumatyna görä, gurama Eýranyň hatyny tanyşmak, öwrenmek üçin ABŞ-a, Orsýete, Fransiýa ugradar.

Mundan öň ABŞ Tähranda gelnen ylalaşyga şübhe bildirdi. Çünki ol Eýranda urany baýlaşdyrmagy doly ýatyrmagy göz öňünde tutmaýar.
XS
SM
MD
LG