Sepleriň elýeterliligi

Eýranda kino režissýory Jafar Panahini azatlyga çykarylar


“Eýran häkimiýetleri belli kino režissýoy Jafar Panahini girew esasynda azatlyga çykarar” -diýip, Tähranyň baş prokurory Panahiden günäniň aýrylmandygyny, onuň işiniň suda geçiriljekdigini aýtdy.

Panahi şu ýylyň mart aýynda hökümete garşy işlerde aýyplanyp, tussag edilipdi.

Geçen ýylky köpçülikleýin protest aksiýalaryny onuň surata düşürmegini häkimiýetler režime garşy gönükdirilen iş hasap etdiler.

Panahi bir-iki günlükde tamamlanan Kann kinofestiwalynynyň emin agzalygyna goşulypdy, ýöne tussagda oturany üçin Fransiýa gelip bilmändi.

Panahi bir hepde mundan öň açlyk yglan edipdi.
XS
SM
MD
LG