Sepleriň elýeterliligi

Obama Pekini ysnyşykly ykdysady hyzmatdaşlyga çagyrýar


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama dünýä söwdasynda deňagramlylygyň agdyk bolmagyny gazanmak üçin Waşington bilen Pekini ykdysadyýetde has ysnyşykly hyzmatdaşlyga çagyrdy.

Bu barasynda Obama Hytaý bilen ABŞ-nyň arasyndaky strategik hem ykdysady gatnaşyklara bagyşlanyp, Pekinde geçirilýän amerikan-hytaý forumyna ýüzlenmesinde aýtdy.

Foruma ABŞ-nyň döwlet sekretary Hillary Klinton hem maliýe ministri Timoti Geýtner gatnaşýar.

Waşington ýuanynyň kursuny emeli ýol bilen aşak gaçyrmasyny Pekiniň bes etmegini gazanmak isleýär. Häzirki şol aşak kurs amerikan tarapy üçin amatly däl.

Mundan öň Hytaý Halk Respublikasynyň başlygy Hu Szintao “Hytaý içerki islegi höweslendirer hem öz milli pulunyň kursunyň emele geliş mehanizmini ýuwaş-ýuwaşdan reforma eder” diýipdi.
XS
SM
MD
LG