Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şu gün Orsýetde Türkmenistanyň medeni günleri başlanýar


Şu gün Orsýetde türkmen medeni günleriniň dabaraly açylyşy bolar-diýip, türkmen metbugaty habar berýär.

Açylyş dabarasy Moskwada P.I.Çaýkowskiý adyndaky konsert zalynda bolar, türkmenistanly sungat ussatlary konsert bilen çykyş ederler.

Medeni günlere Türkmenistanyň teatr sungatynyň işgärleri, kompozitorlar, tans kollektiwleri, aýdymçylar, edebiýat wekilleri gatnaşýar.

Olaryň arasynda Türkmenistanyň halk artistleri Atageldi Garýagdyýew, Gülnar Nuryýewa hem başgalar, ýaş artistler bar.

Medeni günler Sankt-Peterburg şäherinde-de geçiriler.
XS
SM
MD
LG