Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan hem Hindistan “Transowgan” gazgeçirijisini maslahatlaşar


Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedowyň Hindistana üç günlük sapary dowam edýär.

TDH gullugynyň maglumatyna görä, ol şu gün Hindistanyň ýokary derejeli ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn gepleşikler geçirer. Şondan soň möhüm dokumentler toplumyna gol çekmek planlaşdyrylýar.

Hindistanyň DIM-niň Ýewraziýa departamentiniň direktory Ajaý Bisariniň aýtmagyna görä, gepleşiklerde iň möhüm temalaryň biri nebit-gaz pudagynda hyzmatdaşlyk bolar. Ol şunuň bilen bagly Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan gaz turba proýektini agzady.

Döwletabad ýatagyndan gözbaş aljak bu turba gije-gündizde 100 million kubometr gaz akdyryp biler. Şonuň 60%-i Hindistana barar.

Mundanam başga ykdysadyýet, ylym, tehnologiýa, medeniýet we bilim pudaklarynda Türkmenistan bilen Hindistanyň hyzmatdaşlygyna degişli 4-5 dokumente gol çekiljekdigini hindi diplomaty aýtdy.
XS
SM
MD
LG