Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Reformalar baradaky kesgitleme reallykdan alysda


Türkmen propagandasy häkimiýetleriň hereketlerini aklaýan, düşündirýän düýpli bir kesgitelmäni ýene bir gezek açyklaşdyrdy. Şol kesgitlemäni Ýaşulular geňeşinde prezident G.Berdimuhamedow yglan etdi. “Demokratik bazar gatnaşyklary - her bir maşgalanyň üpjünçiligi – güýçli döwlet”.


Bu dünýäniň islendik demokratik döwletindäki programma ýaly bolup görünýär. Bellenen programma bilen işleriň hakyky ýagdaýy deňeşdirilende ýüze çykýan gapma-garşylyk bolmasady, beýle programma at dakjak gümanyň ýok.

Ozaly bilen göze ilýän zat – ýokarky kesgitlemäniň üç böleginiň arasynda deňagramlylyk ýok. Eger demokratik bazar gatnaşyklary bar bolsa-da, her bir maşgalanyň abadan durmuşy üpjün edilýän bolsa-da, häzir döwleti berkitmek, pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işlerden başky ikisi birnäçe esse yzda.

Býujetden ummasyz köp derejede pul goýberilen hem uly şowhun bilen alnyp barylýan gurluşyklara syn edeliň. Şol ägirt uly puluň agramly bölegi täze ministrlikleriň, beýleki döwlet edaralarynyň gurluşygyna goýberilýär. Türkmenistanyň döwletliliginiň simwoly boljak köşklere, ýadygärliklere goýberilýän maliýe serişdeleri-de az-küş däl.

Gurluşyga goýberilýän pul bilen medeniýete ýa saglygy saklaýyşa ýa-da sosial hajatlara berilýän pul deňeşdirilende, üpjün edilen her bir maşgalany Türkmenistandaky üpjün edilen dolandyryjy gatlak tozana garýar.

Telekeçilik has yzda

Demokratik bazar gatnaşyklary, ozaly bilen-de hususy telekeçilik has yza galýar. Ýurtda şu wagta çenli hususylaşdyrmagyň anyk hem giň programmasy ýok. Kiçi biznes entek ýaňy dürterip çykan ösüntginiň derejesinde, ýöne ulalyberenok. Uly hususy biznes-ä ýurtda asla ýok.

Şeýlelikde baş biznesmen – baş telekeçi ýurtda edil öňküleri ýaly döwlet bolup galýar. Emma muňa garamazdan, resmi propaganda hut şu meselede öňegidişligiň bardygyny ynandyrmaga çalyşýar, ýöne biznes işinde ol başa barmaýar.

Hususy emlägi goramak boýunça hakyky kanunçylyk bazasyny dörederden ýurduň heniz örän daşdadygyny biznesmenleriň özleri görüp otyrlar. Bolany şol. Şeýlelikde, häkimiýetleriň ösüş baradaky, demokratik reformalar baradaky kesgitlemesi reallykdan alysda, ösüş hem reformalar iki aýagy bilen agsaýar. Ýöne güýçli döwlet diýlen kesgitleme ýa görkeziji islendik demokratik plandan, aladadan has öňde ýa ýokarda.

Köppartiýa wadasy gümürtik

Köppartiýaly sistema döretmek barada berlen wadanyň hem gümürtik, şertli taraplary aşa köp. Ýaşulular maslahatynda prezident Daýhanlar partiýasyny döretmek barada aýtdy. Ol nähili partiýa bolar? Ol döwletiň agrar-oba hojalyk syýasatyny düşündirmek, durmuşa geçirmek bilen meşgullanar. Başgaça aýdylanda, täze bir döwlet edarasy ýaly bolup işlär.

Prezident syýasy partiýalar barada kanun proýektini taýýarlamagy parlamente tabşyrdy. Eýýäm şol partiýalaryň işine döwletiň doly kontrollygyny üpjün etjek kanunlaryň taýýarlanmagyndan ätiýaç edýänler az däl. Şeýle bolsa, jemgyýetde üýtgedip gurmaga, galkynyşa höwes döretmek, graždan inisiatiwalaryna giň ýol açmak baradaky gürrüňler, aladalar boş zat bolup çykýarda?

Eger açyk hem çürt-kesik syýasat bilen berkidilmese, resmi propagandanyň demokratik ritorikalary gaty tiz wagtyň içinde öz-özünden çagşar, çalam-çaş bolar. Paradoks nämede? Güýçli döwlet uzak geljek üçin ýa-da hut ertirki gün üçin kagyz ýüzünde-de, sözde-de demokratik reformalary geçirip bilmez, halkyň, her bir maşgalanyň abadan durmuşynam üpjün edip bilmez. Eger bu iş başardýan bolsady, onda ol hut şu gün edilerdi.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG