Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Heläk bolanlaryň maşgalalaryndan pul talap edilýär


Kömür şahtasynda bolan partlamada hossarlaryny ýitiren maşgalalar betbagytçylykdan sanlyja hepde geçip-geçmänkä täze problemalar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Olara guramaçylykly jenaýatçy toparlar haýbat atýarlar.


Orsýetiň guramaçylykly jenaýatçy toparlary tarapyndan Sibiriň Meždureçensk şäherinde ýaňy-ýakynda Raspadskaýa kömür şahtasynda bolan partlamada wepat bolanlaryň we ýaralananlaryň maşgalalaryndan pul talap edilýär. Muňa jogap edip, Kemerowo oblastynyň gubernatory Aman Tuleýew polisiýa şahtaçylaryň maşgalalaryny goramagy tabşyrdy.

8-nji maýda Raspadskaýa şahtasynda bolan partlamalar netijesinde şahtaçylardan we halas edijilerden jemi 90 adam heläk boldy. Orsýetiň hökümeti wepat bolanlaryň her biriniň maşgalasyna bir million rubl, ýagny 32 müň dollar töweregi möçberde kompensasiýa tölemek borjuny öz üstüne aldy.

Wepat bolan şahtaçynyň aýaly özüni howp astyna salmazlyk üçin adynyň agzalmazlygyny sorap, Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş boldy. Onuň sözlerine görä, 2010-njy ýylyň 19-njy maýynda ir sagat 8-de öýüne üç adam baryp, adamsynyň wepat bolany sebäpli hökümet tarapyndan tölenjek puldan 500 müň rubly olara bermelidigini gödek duýdurypdyrlar. Bolmasa, jaýyň oda berlip, çagaň heläk bolar diýip, haýbat atypdyrlar. Olaryň elinde partlamada heläk bolanlaryň ählisiniň atlary we adresleri görkezilen sanaw bar eken. Şahtaçynyň aýaly jenaýatçylaryň sanawdakylaryň hemmesiniň-de özlerine pul tölemeli boljagyny aýdandyklaryny tassyklady.

Milisiýa ýüz tutdy

Zenanyň sözlerine görä, näbelli adamlar onuň öýüne gelip gidensoň, ol haýal etmän, Meždureçenskidäki ýerli milisiýa bölümine ýüz tutupdyr. Milisiýa bölüminde derňewçiniň özüne görkezen suratlarynyň arasynda ol öz öýüne baran adamlaryň birini tanapdyr. Milisiýa işgäri bolsa şol adamyň ýerli jenaýat toparlarynyň lideridigini aýdypdyr.

Kemerowo oblastynyň gubernatory Aman Tuleýew derňew geçirmek tabşyrygyny berip, şahtaçylaryň maşgalalaryna haýbat atýanlary kanuna görä, jogapkärçilige çekmegi wada berdi.

Emma Meždureçenskiniň polisiýa bölüminiň metbugat wekili Olga Ilýuhina özüniň bu waka barada Kemerowo oblastynyň administrasiýasynyň resmi internet sahypasynda çap bolan anonim şikaýatdan bilendigini aýdýar. Ol: “19-njy maýdan başlap, şu güne çenli şahtaçylaryň maşgalalaryna atylýan haýbat we abanýan howp bilen baglanyşykly içeri işler dolandyryş bölümine ýüz tutulandygy barada bizde ýekeje-de materialyň hasaba alynmanlygyny aýdyp biljek” diýýär.
XS
SM
MD
LG