Sepleriň elýeterliligi

Eýrandaky režim has hem berkeýär


Öten ýyl bolan prezidentlik saýlawlarynyň bir ýyllygyny bellemek maksady bilen bu saýlawda ýeňlişe uçran reformaçy ýolbaşçylar Mir Hosseýn Musawi bilen Mehdi Karrubi öz tarapdarlaryny 12-nji iýunda parahatçylykly protestini geçirmäge çagyrdylar.


Häzirki ýagdaýdan çen tutsaň, olaryň bu çakylygy başa barmajaga meňzeýär. Sebäbi adam hukuklaryny goraýjy aktiwistler we analizçiler yslam režiminiň adamlary gorkuzmak üçin dürli çärelere ýüz urýandygyny aýdýarlar.

Bu çärelerden maksat, öten dekabrda protestçiler bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasynda turan çaknyşyklaryň gaýtalanmagyna ýol bermezlik. Geçen gezekki Aşura baýramçylygynda bolan bu çaknyşyklarda azyndan dokuz adam ölüp, yslam respublikasy çöker-çökere geldi.

“Rewolýusiýa sakçylarynyň” ýolbaşçylary indi parahatçylykly protestlere-de režimiň garşysyna uruş alyp barmak diýip garaljakdygyny aýdýarlar.

Bäş aktiwiste ölüm jezasy berildi

“Görülýän çäreler has güýçlendirildi. Öten 11 aýyň dowamynda adamlar käbir zatlary edip bilýärdiler. Ýöne häzirki ýagdaýdan ugur alsaň, olar hiç bir zada ýol bermejege meňzeýärler. Hiç bir çydamlylyk ýok. Olar parahatçylykly protesteler hem döwletiň garşysyna eliňe ýarag alan bilen deň diýýärler” diýip, Eýranda Adam hukuklary baradaky Halkara komitetiň direktory Hadi Gaemi aýdýar.

Häkimiýetler özleriniň bu pozisiýada berk durandyklaryny görkezmek üçin terrorizmde aýyplanýan bäş aktiwiste Tähranyň Ewin tussaghanasynda ölüm jezasyny berdiler. Bularyň hem dördüsi kürtler. Bu adamlara ölüm jezasynyň berilmegi beýleki tussaglar, aýratyn-da saýlawlardan soň geçen protestlerde tutulyp, ölüme höküm edilen alty adamyň ykbaly barada alada döretdi.

Gaemi: “Saýlawyň ýyl dönümine taýýarlyk görlüp ýörkä, ýene adamlara ölüm jezasynyň berilmegi mümkin, munuň hem soňunyň nirä barjakdygy belli däl” diýýär.

“Ençeme syýasy tussag bar, ylaýta-da kürtlerden. Olara terrorizmde güna bildirilýär. Hökümet bu iş adamlary gorkuzar diýen umyt bilen terrorizmde aýyplap, adamlara ölüm jezasyny bermegi dowam etdirse, ylaýta-da Aşura baýramyna gatnaşanlara ölüm jezasy berilse, onda bu soňky hepdelerde bolşy ýaly, gahar-gazap döreder” diýip, Gaemi belleýär.

Razy adamlar ýok däl


Ýöne režimden razy adamlar-da ýok däl. Mysal üçin, amerikaly žurnalist Stephen Kinzer Eýrana eden saparynda köp adamlaryň özüne Ahmedinejadyň ýolbaşçylygynda ýaşaýyş ýagdaýlarynyň gowulanandygyny aýdandyklaryny ýazýar.

Ykdysatçy Jamşid Assadinyň aýtmagyna görä bolsa, bu uzak möhletli zat däl: “Ahmedinejad käbir adamlara pul paýlady. Olar ondan şonuň üçin razy. Bu ykdysady iş däl. Olar işsiz adamlar, ýöne girdejisi bar. Bu hem nebitden gelýär. Ine, nebitden gelýän girdeji aşaklasa, olara zat ýok.”
XS
SM
MD
LG