Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan-Hindistan: “Transowgan” maslahat edilýär


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde) Hindistanyň prezidenti Pratibha Patil bilen duşuşýar, Nýu Deli, 25-nji maý.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde) Hindistanyň prezidenti Pratibha Patil bilen duşuşýar, Nýu Deli, 25-nji maý.

24-nji maýda Türkmenistanyň prezidentiniň Hindistana ilkinji döwlet sapary başlandy. G.Berdimuhamedow Hindistanyň prezidenti we premýer-ministri bilen duşuşyklar geçirdi. Şeýle hem ençeme ugurlardan ylalaşyklaryň baglaşylmagyna garaşylýar. Gepleşikleriň esasy temasy nebit-gaz hyzmatdaşlygy we “Transowgan” gazgeçirijisi.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (sagda) Hindistanyň premýer-ministri Manmohan Singh bilen, Nýu Deli, 25-njy maý.
Nýu Delidäki gepleşikleriň esasy temalary söwda-ykdysady we ýangyç-energiýa ugurlaryndan strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri. Türkmenistanyň habar serişdeleriniň bellemegine görä, Türkmenistanyň we Hindistanyň arasyndaky häzirki gepleşikler ýurtlaryň özara gyzyklanmasynyň we hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge taýýarlygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Türkmenistanyň prezidentiniň Hindistana saparynyň çägindäki gepleşiklerde “Transowgan” gazgeçirijiniň gurluşygyna degişli proýekte garalmagyna garaşylýar.


Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan


Uzynlygy 1 700 kilometr çemesi “Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan” gazgeçirijisi Türkmenistanyň “Döwletabat” gaz ýatagyndan her gije-gündizde 100 million kubometr gaz akdyrmaga mümkinçilik berer. Gazyň 60 % Hindistana eksport ediler diýlip, habar berilýär.

“Eurasia Transition Group” toparynyň müdiri Maýkl Laubş Hindistanyň tebigy gaza ägirt uly islegi bolan ýurtlaryň biridigini belläp, onuň geljekde iň uly gaz hyrydarlarynyň birine öwrüljegini çak edýär. Bilermen şu sebäpden Hindistanyň ýangyç serişdelerine baý Merkezi Aziýa regionyna bildirýän gyzyklanmasynyň barha artýanlygyny we bu ýurduň regionda aktiw hereket edýän Hytaýdan yza galmajak bolýanlygyny belledi.

2008-nji ýylyň aprel aýy, Owganystan
“Transowgan” gazgeçirijisiniň proýektiniň düýbi 1995-nji ýylda Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda proýekt boýunça birek-birege düşünişmek barada memoranduma gol çekilmegi bilen tutulypdy. Aziýa Ösüş banky tarapyndan maliýeleşdirilmegi göz öňünde tutulýan proýektiň bahasy käbir maglumatlara görä, 7,5 milliar dollardan ybarat.

2008-nji ýylyň aprel aýynda Pakistan, Hindistan we Owganystan Türkmenistandan tebigy gazy satyn almak boýunça çäkli özara ylalaşyga gol çekipdi. Maýkl Laubş “Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan” gazgeçirijisiniň durmuşa geçirilip başlanmagy türkmen tarapyna bagly diýip, pikir edýär.

Germaniýaly analitigiň sözlerine görä, proýektiň öňünde duran esasy päsgelçilikleriň biri onuň gaz bilen üpjünçiligine degişli. “Türkmenistanyň beýleki potensial partnýorlary ýaly Hindistan hem türkmen tarapyndan garaşsyz halkara audit barlaglary netijesinde tassyklanan we ýurduň köp ugurly gaz söwdasy üçin ýeterlik gaz zapaslaryna degişli sanlaryň berilmegini isleýär”.

Halkara syýasatyna garaýyşlar

Iki döwletiň halkara syýasatyna degişli ençeme meseleler barada meňzeş garaýyşdadygy Türkmenistanyň habar beriş serişdelerinde bellendi, emma bu hakda takyk maglumat berilmedi.

Orsýetiň Ýokary ykdysadyýet mekdebi atly döwlet uniwersitetiniň Dünýä ykdysadyýeti we syýasaty fakultetiniň ýolbaşçylaryndan Andreý Suzdalsew Türkmenistan bilen Hindistanyň arasynda, adatça, Owgaystandaky ýagdaýa, Merkezi Aziýada Hytaýyň täsiriniň güýçlenmegine, Eýranyň ýadro programmasyna degişli meseleleriň maslahat edilýänligini belledi.
Türkmenistan öz uzak möhletleýin gaz müşderisi bolan Orsýeti özi üçin has amatly şertlere boýun etjek bolýar.


Andreý Suzdalsew Owganystanyň howpsuzlyk problemasynyň “Transowgan” gazgeçirijiniň öňünde uly böwet bolmagyna galýanlygyny bellemek bilen Türkmenistan bilen Hindistanyň arasyndaky häzirki gepleşiklerde proýektiň durmuşa geçirilmegine itergi beriljegine garaşmaýar. Ekspertiň pikirine görä, meseläni gozgamak bilen Aşgabat öz bähbitleriniň diwersifikasiýasyny mälim etmäge çalyşýar.

Häzirki wagtda Aşgabadyň “Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan” gazgeçirijisi barada gepleşiklere girişmeginiň öz sebäbi bar. Maýkl Laubşyň pikiriçe, Türkmenistan öz uzak möhletleýin gaz müşderisi bolan Orsýeti özi üçin has amatly şertlere boýun etjek bolýar.

Medeni gatnaşyklar

G.Berdimuhamedowyň Nýu Delä edýän döwlet saparynyň netijesinde Hindistan bilen Türkmenstanyň arasynda ykdysadyýet, ylym, tehnologiýa, medeniýet we bilim ugurlaryndan dört-bäş sany ylalaşyga gol çekilmegi planlaşdyrylýar diýlip, habar berilýär.

Türkmenistanyň resmi habar beriş serişdelerinde G.Berdimuhamedowyň Hindistan tarapy bilen gepleşikleriniň gün tertibi, planlary we iki ýurduň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň häzirki derejesi barada çäkli maglumat berildi.

Şol bir wagtda-da 24-nji maýda Nýu Delide G.Berdimuhamedowyň “Ahalteke aty – buýsanjymyz we şohratymyz” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasynyň geçirilenligi giňişleýin habar berildi. Türkmen metbugatynda munuň Hindistanyň medeni durmuşynda wajyp waka bolanlygy, şeýle hem iki halkyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň güýçlenmeginde bu wakanyň uly rol oýnajakdygy tekrarlanyldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG