Sepleriň elýeterliligi

Kabul partlamasy üçin 7 adam tutuldy


Owgan häkimiýetleri 18-nji maýda janyndan geçen bombaçynyň Kabulda ulag partlamasy bilen bagly 7 adamy tussag edendiklerini aýdýarlar. Şonda 18 adam ölüpdi.

Aňtaw gullugynyň sözçüsi Saýid Ansari ol ýedi adamyň geçen hepde, aýry-aýrylykda tussag edilendigini aýtdy.

Sişenbe güni bolan partlama NATO esgerleriniň 6-syny öldürdi, olaryň üçüsi amerikaly we kanadaly harbylardy.

Bu Kabulda NATO üçin soňky sekiz aýda bolan iň heläkçilikli hüjümdir.
XS
SM
MD
LG