Sepleriň elýeterliligi

Yrakda ýaragly adamlar zergärleri talady


Yrak polisiýasy şu gün Bagdadyň söwda meýdanlarynyň birinde ýaragly adamlaryň 14 adamy, hususan-da zergärleri atyp öldürendiklerini we altyn şaý-sepleri we nagt pullary alyp gidendiklerini aýdýar.

Talaňçylar Bagdadyň günorta-günbataryndaky köçäniň gyrasyna düzülen dükanlary taladylar.

Polisiýa ýaragly adamlaryň yzlarynda goýup giden bombalarynyň bir toparyny zyýansyzlandyrandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG