Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HAEG Eýranyň ýangyç ylalaşygy baradaky hatyny alandygyny tassyklaýar


Halkara atom energiýasy gullugy Eýranyň baýlaşdyrylan uran ýerine ýadro reaktory üçin ýangyç almak ylalaşygy baradaky formal hatyny alandygyny tassyk edýär.

Bu ylalaşyk Türkiýe bilen Braziliýanyň araçylyk etmeginde teklip edilipdi.

Teklibe görä, Eýran öz az baýlaşdyrylan uranynyň ýaryndan azragyny Türkiýä ibermelidi we onuň ýerine ýadro ýangyjyny almalydy. Ýöne bu ylalaşyk Eýranyň uran baýlaşdyrmagy bes etmelidigi baradaky talaby öz içine almaýar.

HAEG Tähranyň hatyny pikirlenişip görmekleri üçin Birleşen Ştatlara, Fransiýa we Orsýete geçirjekdigini aýdýar.

Waşington bu ylalaşyga şübheli garady we BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine sanksiýalar rezolýusiýasynyň taslamasyny hödürledi.
XS
SM
MD
LG