Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türk ýol hadysasynda azyndan 16 rus syýahatçysy öldi


Resmiler şu gün günorta Türkiýede rus syýahatçylaryny alyp gelýän awtobusyň köprüden agdarylyp, 16 ýolagçyny öldürendigini we 25 adamy ýaralandygyny aýdýarlar.

NTW telekanaly ol awtobusyň agdarylyp, 6 metr aşakdaky derýa kenaryna gaçyşyny görkezdi.

Antalýa welaýatynyň gubernatorynyň orunbasary Mehmet Seýman halas edijileriň ölenleriň jesedini we ýaralylary awtobusdan çykarmak üçin tagalla edýändiklerini aýtdy.

Agdarylan awtobus Alanýa kurortundan Deňizli şäheriniň ýanyndaky Pamykgala şaglawugyna barýan eken.

NTW telekanaly, erli häkimiýetlere salgylanyp, sürijiniň rol başynda uklandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG