Sepleriň elýeterliligi

Amerikan resmisi Jorj Krol Gyrgyzystana gelýär


Birleşen Ştatlaryň Gyrgyzystandaky ilçihanasy şu gün Amerikanyň döwlet sekretarynyň Günorta hem Merkezi Aziýa meseleleri boýunça kömekçisi Jorj Kroluň iki günlük sapar bilen Gyrgyzystana gelýändigini aýdýar.

Ilçihananyň beýanatynda Kroluň geçiş hökümetiniň resmileri we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen duşuşjagy aýdylýar.

Gyrgyzystanda apreliň başynda bolan gozgalaň prezident Kurmanbek Bakyýewiň ýurtdan gaçmagyna getirdi.

Gyrgyzystan ABŞ üçin möhüm ýurt we Birleşen Ştatlara öz howa bazasyny ulanmaga berdi.
XS
SM
MD
LG